TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

“Twitter” -iň esaslandyryjysy we baş direktory Jek Dörsiniň: durmuş barada 10 maslahat

Jek Patrik Dörsi –  1976-njy ýylyň 19-njy noýabrynda  Amerikanyň Missuri ştatynyň Sent-Luiz şäherinde doguldy. Amerikaly tehnologiýa telekeçisi we haýyr-sahawatçy. “Twitter” -iň esaslandyryjysy we baş direktory Jek Dörsi, şol bir wagtda  maliýe töleg kompaniýasy bolan “Square” -iň  baş direktory. 2008-nji ýylda “35 ýaşa çenli iň innowasion 35 adamyň” biri hökmünde saýlanan Jek Dörsi iş durmuşyny meýilleşdirýän mahaly wakalaryň anyk ýagdaýlaryna ünsi jemlemek bilen işeňňir, maksada okgunlylygy, ünslüligi,  şahsyýeti bilen öňe saýlandy.

Ine,

Jek Dörsiden 10 maslahat!

1) “Alyp barýan işiňizdäki her zady   kämilleşdiriň we her zadyň çenini iň gowusy  bilen çäklendiriň.”

2) “Her kimiň pikiri bar. Emma pikiri ýöretmek: Beýleki adamlaryň nädip ünsüni çekmelidigine baglydyr.

3) “Meniň maksadym çylşyrymlylygy ýönekeýleşdirmek. Esasan hem adamlaryň gatnaşyklaryny hakykatdanam ýeňilleşdirýän zatlaryň üstünde işlemek isleýärin. ”

4) “Gyzykly bir zat etmek üçin başdan (noldan) başlamak hökman däl. Täsirli we gowy pikiriňiz bolmaly. Başga adamlary gowy pikirleriňize ynandyrmak zerurdyr we ony mümkin boldugyça çalt we gysga wagtyň içinde etmelisiňiz.

5) “Täze işine başlaýan bir adam hökmünde şansa bagly bolmakdan başga iň güýçli zat; pursatlary görmek we  ony ulanmak ukybyny ösdürmekdir.

6) “Dünýäde uly täsirli bir zatlar etmek üçin hökman başdan başlamaly däl.”

7) “Her ownuk zady sorag edip, üstünde durup geçiň.”

8) “Bu dünýäde görmek we bolmak isleýän zadyňyzy ediň.”

9) “Garaşylmadyk ýagdaýa garaşyň. Mümkin boldugyça garaşylmadyk ýagdaýda boluň. ”

10) “Bu durmuşa edilen zatlary etmek üçin gelen  dälsiňiz. Täzelikçi boluň!”

 

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri oktýabr aýynda duşuşarlar

BMG-niň Baş Sekretary Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady

Türkmenistanda Garaşsyzlyk baýramy: Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagy

Teswirle