TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Tut agajynyň ähmiýeti

Oba hojalyk pudagynda tut agaçlaryny ösdürip ýetişdirmeklik we olary köpeltmeklik uly ähmiýete eýedir.

Tut köpýyllyk agaçdyr. Her ýylda onuň çybyklaryny kesmän, amatly şertlerde ösdürilende bu agajyň boýy 20 metrden hem geçýär. Onuň sütüniniň ini bolsa 1,5 metrden gowrak ýognaýar. Tut agajynyň daşky görnüşi, ösüş şertlerine baglylykda, dürli-dürli bolup biler. Eger ol kesilmän, gowy we yzgarly toprakda, maýyl howada hem-de ýagtylyk kadaly şertlerde ösdürilende, onda onuň gabarasy gelşikli, beýik, çar tarapa tegelek görnüşde ýaýrap ösýär. Eger-de onuň her ýyl ýapragyny ýüpek gurçugyna bermek maksady bilen çybyklary kesilip durulsa, onuň daş keşbi kesiliş ýagdaýyna baglylykda dürli görnüşe eýe bolýar.

Taryhy maglumatlara görä, tut agajy, takmynan, mundan 2500 ýyl öň ýüze çykypdyr diýlip hasap edilýär. Ilkinji gezek tut agajy Hytaýda döräpdir. Aslynda, Hytaý halkyna tut agajy barada gürleşmek, tut agajyndan ýüpegiň öndürilişi baradaky syrlary aýtmak, tohumyny başga ýurtlara bermek düýbünden gadagan edilipdir. Emma muňa garamazdan, söwdagärler Hytaý imperatorynyň bagbanlaryndan tut agajynyň tohumyny, şeýle hem ýüpek önümçiliginiň syrlaryny gizlinlikde satyn alypdyrlar hem-de kerwenler arkaly Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen öz ýurtlaryna alyp gidipdirler. Alymlar tut agajynyň 300 ýyldan 500 ýyl aralygynda, hatda ondan hem köp ýaşaýandyklaryny kesgitlediler. Onuň aýratyn ideg işlerini talap etmezden örän yssylyga, guraklyga ýa-da howanyň tiz üýtgemegine çydamly ösümlikdigini belleýärler. Tut agajyna gahar-gazapdan goramaga ukyply, rahatlandyryjy, şeýle hem zähmetsöýerligiň we ene-ata bolan hormatyň nyşany hökmünde garalypdyr. Ol beýikligi 10—15 metre ýetýän, käbir görnüşleriniň bolsa boýy 35 metre çenli ösýän tutlar urugyna degişli bolan ösümlikleriň biridir. Merkezi Aziýa ýurtlarynda gudratly agaç hökmünde, şeýle hem gyr, dykyz we çeýe agaç hasap edilensoň, ondan saz guraly ýasalýar. Türkmen halkynyň gazma dutarynyň hem tut agajyndan ýasalýandygyny bellemek zerurdyr. Belli bolşy ýaly, tut agajynda esasy ünsi onuň tudanasy ýa-da miwesi özüne çekýär. Ol üç görnüşde, ýagny ak, gara, we gyzyl tudanadyr. Tuduň miweleriniň düzüminde esasy tebigy çeşme bolan antioksidant elementleriniň köp böleginiň saklanýandygy lukmançylykda bireýýäm subut edildi.

Halkymyzyň tudy ӧz gündelik durmuşynyň baş sӧýesine ӧwürmeginiň esasy sebäbi, bu agajyň ӧzünden 31 sany peýdaly maddany goýberip, howany arassalap durýandygy bolsa gerek. Biziň mele topragymyzyň müňde bir ӧnümi bar. Olar bolsa birnäçe witaminlere, adamyň saglygy üçin peýdaly maddalara baý. Himiki düzümi barlananda, tuduň kӧküniň gabygynda azyndan 6, şahasynyň gabygynda 7, ýapragyn da 14, miwesinde hem 12 gӧrnüşp turşulyklaryň, witaminleriň, tohumynda hem 23-37,6 gӧterime çenli ýaglaryň bardygynyň anyklanandygy hakynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ӧsümlikleri» atly kitabynda ýazýar.

Ýüpekçilik, esasan tut ýapraklaryna bagly. Sebäbi, Diýarymyzyň toprak-howa şertlerinde ӧsýän, birnäçe asyrlap ýaşap bilýän tut agajy ýüpek gurçugyny idetmekde esasy iýmit bolup durýar. Taryhda Beýik Ýüpek ýolunyň Türkmenistanyň içinden geçmegine-de hut tut aga­jynyň biziň Watanymyzda ӧsýändigi sebäp bolan bolmagy mümkin.

Allanur  Bekdurdyyew, TOHU-nyñ talyby.

 

Türkmenistan-Kanada: diplomatik gatnaşyklara 30 ýyl doldy

Ýene-de okaň

Bilim – röwşen geljegimiziň gözbaşy

Täsin geografiýaly toprak

Üstünligi ýola goýmak derejesi

Teswirle