TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Turpuň peýdasy

Turpuň peýdasy adamzada has irki döwürden belli bolupdur. Sebäbi turp tohumlaryndan ýag alypdyrlar, beýik piramidalaryň gurluşygynda  işleýän işçilere  turp ýygy – ýygydan iýmit hökmünde beripdirler. Umuman aýdylanda Müsür turpuň watany diýen maglumatlara taryhy çeşmelerde duş gelmek bolýar. Mundan başga-da gadymy Gresiýada turp altyna deňäpdirler. Grekler turpi esasy iýmit  hökmünde ulanyp dürli melhemleri  taýýarlapdyrlar.

Turp örän peýdaly köki miweli gök ekin. Düzminde glikozidler, aminokislotalar, purin esaslary, efir ýaglary, işjeň fermentler, organiki kislotalara we witaminler toplumyna baýdyr. Olardan  PP, A, E, C witaminleri. Aýratyn hem turpuň  gabygynda askorbin kislotasy köp mukdarda saklanýar. Turp organzim üçin zerur çalşyp bolmaýan himiki maddalary saklaýar. Turp ir bahar iýmit hökmünde köpräk ulanmaly. Bu döwür witamin ýetmezçiligi köp ýüze çykýar. Mundan başga-da  beýleki   turpuň görnüşlerinden  margelan turpunda minerallar köp mukdarda saklanýar. Magniý, kalsiý, kaliý, demir, fosfor, sink,  kobolt, ftor  elementleri. Maglumatlara görä turpuň suwy  antiseptiki  ýa-da  mikroorganizmleriden goraýjylyk häsiýetiniň bardygyny belläp geçýärler.   Sebäbi düzüminde fitonsit maddasyny saklap, wiruslardan goraýjylyk ukybyny ýüze çykarýar. Turpuň tagamy näçe ýiti we ajy bolsa şonça-da fitonsidlere baý bolýar. Köplenç turp ýagy kosmetologiýada giňden ulanylýar.  Saçlar we ýüzler üçin  dürli ýapgylar taýýarlanýar. Ýüzi tegmillerden  we meneklerden arassalaýar.

Lukmançylykda bolsa turpuň  ynsan immuniteti  ýa-da gorag ulgamyny berkidýär diýilip bellenilip geçilýär. Mundan başga-da kelle beýniniň işini gowlaýar, endokrin ulgamyny we nerw ulgamyny berkidýändigi barada käbir maglumat çeşmelerinde duş gelmek bolýar.

 

 

 

                                                   Hajyýewa Maýa,

 Türkmen oba hojalyk Institutynyň

                                                         Agrohimiýa we topragy öwreniş

                                                         kafedrasynyň  mugallymy     

                                                         

 

Ýene-de okaň

Türkmen milli mirasynyň belent sarpasy

“Täze eýýamyň üme dessury” atly döredijilik festiwalynyň döwlet tapgyry geçirildi

Nebitgaz pudagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy

Ata Watan Eserleri

Teswirle