TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

“Turkmentel 2020” halkara onlaýn maslahaty geçiriler

Şu ýylyň 24-25-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda  sanly ykdysadyýet we innowasiýa tehnologiýalary boýunça “Turkmentel 2020” atly 13-nji halkara onlaýn masahaty geçiriler. Bu barada sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hasabat berildi.

Halkara foruma ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlardan alymlaryň, bilermenleriň we işewürleriň gatnaşmagya garaşylýar. Maslahatyň giň maksatnamasy halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, ýurdumyzyň maglumat we telekommunikasiýa ulgamyna daşary ýurt maýa goýumlaryny, tehnologiýalaryny we taslamalaryny çekmek, peýdalanyjylar ýokary derejeli hyzmaty üpjün etmekde maglumat we telearagatnaşyk ulgamyny giňeltmek we sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy öz içine alýar.

Maslahatda sanly hyzmatlaryň täze görnüşleri ornaşdyrmagyň, häzirki zaman döwrebap tehnologiýalaryň netijeligini giňeltmek, sanly bilim we sanly lukmançylyk ulgamynyň mümkinçilikleri ýaly meseleleri giňden ara alnyp maslahatlaşylar.

Ýene-de okaň

Bolgariýa Azerbaýjandan tebigy gaz satyn alar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Hindistanyň söwda dolanyşygy 114 million dollara deňdir

Owganystan Türkmenistan bilen import ylalaşyklaryny baglaşmakçy

Teswirle