PEÝDALY MASLAHAT

«Türkmenpoçta» Türkmenistanyň ähli ýerlerine pul serişdelerini geçirmek hyzmatyny hödürleýär

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy müşderilere Türkmenistanyň islendik ýerine pul serişdelerini geçirmek boýunça ýerine ýetirýän hyzmatlaryny hödürleýär.

Türkmenistanyň raýatlary bu hyzmatdan «Türkmenpoçtanyň» islendik bölümine baryp peýdalanyp bilerler. Pul serişdelerini ugratmak ýa-da kabul edip almak üçin müşderi hökmany suratda raýatlyk pasportyny, ýa bolmasa-da şahsyýetini tassyklaýan başga bir resminamasyny görkezmelidir.

Geçirimiň adresatynyň, ýagny pul serişdelerini kabul etmeli adamyň ony 30 günüň dowamynda almadyk ýagdaýynda, onda pul serişdeleriniň ugradylan poçta bölümi arkaly geçirimi ugradan adama yzyna gaýtarylyp berilýändigini bellemek gerek. Bu barada bolsa ugradyja 5 günüň dowamynda habar edilýär.

Eger geçirimi ugradyjy hem gaýtarylan pul serişdelerini yzyna almadyk ýagdaýynda, poçta aragatnaşyk operatory degişli puly 3 ýyllyk möhlet bilen ugradyjyny habarly etmek esasynda kompaniýanyň hasabyna geçirýär.

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň alyp barýan işi barada has giňişleýin maglumat almak üçin 075 gysga belgä jaň edip bilersiňiz.

Ýene-de okaň

Amerika aňsatlyk bilen gitmek :Green Card -2025 (Grin Kard) boýunça utujylar haçan belli bolýar?

«PETRONAS Çarigali» kompaniýasy işe çagyrýar

Ata Watan Eserleri

“Petronas” işe çagyrýar

«Petronas»: ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar

Maşgala kadalary boýunça kodekslere üýtgetmeler we goşmaçalar giriziler

«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar: