TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Türkmenleriň döwleti-Osmanly döwleti

Türkmen halkynyň geçmişinde orta asyrlarda diňe sebit däl, eýsem dünýäniň harby-syýasy ýagdaýyna özüniň täsirini ýetiren wajyp wakalar bolup geçdi. Ol wakalar hakykat ýüzünde halkymyzyň taryhynda täze sahypalary açdy. Olar bir tarapdan öz ýurtlarynda müňýyllyklaryň dowamynda halka oňaýsyz täsirini ýetiren bolsa, beýleki tarapdan bolsa türkmenleriň iň kynçylykly, çykalgasyz, başy gowgaly wagtynda hem özüniň edermenliginiň, gahrymançylygynyň, erjelliginiň, ynamlaryna berkliginiň beýik nusgasyny görkezendigini subut etdi.

XIX asyryň fransuz taryhçysy D’Ossonyň ýazmagyna görä gaýy kabylasynyň ilkinji toparlary Merwden çykyp Ermenistanyň günorta etraplaryna göçüpdirler. Emma baran ýerlerinde uzak oturmandyrlar, sekiz ýyldan soň Gündogar Anadolynyň Kilikiýa etrapyna, soň bolsa Günorta Anadola göçüpdirler. Olaryň umumy sany 20 müňe golaý maşgaladan ybarat boupdyr. Akademik W.A.Gordlewskiniň maglumatlarynda XI-XIII asyryň ortalaryna çenli diňe häzirki Ankara welaýatynyň ýerlerine 17 oguz-türkmen kabylalary göçüp barypdyrlar. Belli rus taryhçysy A.Ý.Ýakubowkiý bolsa Kiçi Aziýanyň ýerlerinde 24 oguz-türkmen kabylasynyň agramly bölegi, kynyk kabylasynyň bolsa hemmesi diýen ýaly ornaşypdyrlar. Türk taryhçysy  Hüseýin Namyk Orkunyň bellemegine görä paýtagty Konýada ýerleşen Seljuk soltany Alaeddin Keýkubad I-iň köşgünde 24 munşi (kätip) oturyp, olar 24 türkmen kabylasynyň işlerini dolandyrypdyrlar.

Hormatly okyjylarymyz, biz Size arhelog Bäşim Annagurbanowyň saýtymyz üçin ýörite ýazan we 2020-nji ýylyň Noýabr aýynda saýtymyza ýerleşdirilen “Üç yklyma erk eden döwlet: Osmanly döwleti” we “Türkmenleriň döwleti:Osmanly döwleti” atly makalasynyň linkini Size ýetirýäris.

 

https://www.atavatan-turkmenistan.com/uc-yklyma-erk-eden-dowlet-osmanly-dowleti/

 

https://www.atavatan-turkmenistan.com/turkmenlerin-dowleti-osmanly-dowleti/

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Biz Size öň merhum arheolog Bäşim Annagurbanowyň “Beýik Seljuklar Döwletiniň Taryhyndan” atly makalalar toplumyny ýetiripdik.

Biz Bäşim aganyň “Beýik Seljuklar Döwletiniň Taryhyndan” atly makalalar toplumyny  “Sesli Makalalar” görnüşine getirip, Atavatan TV YouTube kanalynyň üsti bilen Size ýetirip başladyk.

Biz häzire çenli 3 makala ses berip kanalymyza ýerleşdirdik. Siz aşakda berilýän linke girip ol makalalary sesli diňläp bilersiňiz. Sesli makalalar kitap okamaga wagty bolmaýanlar üçin amatly mümkinçilikdir. Eger okyjylarymyz tarapyndan isleg bildirise, onda biz beýleki taryh makalalaryny hem sesli görnüşde kanalymyza ýerleşdirmek isleýäris.

Sesli Makala Bölüm -I (“Beýik Seljuklar Döwletiniň Taryhyndan”)

Sesli Makala Bölüm- II (Seljuk döwleti döredilýär: Muhammet Togrul Beg)

Sesli Makala Bölüm-III ( Mälikşanyň Hökümdarlygy : Seljuk Döwleti)

Hormatly okyjylarymyz!

Siz şeýle hem aşakda linki berilýän makalalary okap bilersiňiz!

Makalalar jemi 4 bölümden ybarat bolup, birinji bölüminde 1040-njy ýyldaky Daňdanakan ýeňşiniň  Seljuklar döwletiniň döremeginiň buşlukçysyna öwrülmegi barada gürrüň berilýär. Ikinji bölüm Seljuk döwletiniň döredilmegi we Muhammet Togrul beg baradadyr. Makalalarymyzyň 3-nji bölüminde bolsa Mälik şanyň hökümdarlygy barada gürrüň edilýär. Ahyrky bölümde, ýagny 4-nji bölümde bolsa Soltan Sanjar barada wakalar beýan edilýär.

 

 

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Russiýanyň «Ural» tans toparynyň Türkmenistandaky ilkinji çykyşy

Oktýabr aýynda geçiriljek medeni çäreler

«Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny alan raýatlarymyz

Teswirle