Türkmenlerde çagalara at dakylmaklyk

Milli mirasymyzy gaýtaryp bermek bilen milli däp-dessurlarymyzy hem täzeden dikeltdi. Gadymy türkmen halkymyz çaga dogulanda çaga at dakmak däbi Oguz han atamyzyň eýýamyndan, Gorkut ata eýýamyndan alyp gaýdýar. Oguz han türkmeniň alty oglunyň atlarynyň, Gün han, Aý han, Ýyldyz han, Gök han, Dag han, Deňiz han ýaly tebigy atlar bolmagy, onuň 24 agtygynyň hem atlarynyň guşlaryň, haýwanlaryň atlary, iň gadymy atlardygynyň mysalydyr. Mukaddes Ruhnamada bellenilişi ýaly ata-eneleriň perzentleri barada aladalarynyň ilkinjileriň biri-de täze doglan çaga oňat arzuw bilen mynasyp at dakmakdyr. Türkmen halkymyz öz çagasyna at dakmaga ökde. Atlar hakynda belli alymlar S. Atanyýazowyň, Ş. Annagylyjowyň, A. Jykyýewiň we başga alymlarymyzyň göwrümli işleri we makalalary bar.

Adam atlary gadymy ata-babalarymyzdan galan gymmatly ýadygärlikdir, çünki olarda geçmişdäki nesilleriň dünýägaraýyşlary, söz baýlyklary, däp-dessurlary, başdan geçiren taryhy wakalary, dürli dilde geplän halklar bilen eden medeni  aragatnaşyklary özüniň aýdyň şöhlelenmesini  tapýar.

Türkmenlerde çaga dünýä inenden soň üç günüň dowamynda oňa at dakmak hökman hasaplanypdyr. Sebäbi, Taňry tagalla dünýä inen çaga diňe at dakylansoň ýazgyt ýazyp, oňa ruh bagyş edýär diýlip düşünilipir.

Türkmen halkyna mahsus bolan ata-eneleriň adyny unutmazlyk üçin, hem-de şolar ýaly uzak ýaş we döwletli durmuş arzuw edilip olaryň adyny agtyklaryna dakmak däbini giňden ulanylýar. Ata-babalarynyň maşgala ýaşulylarynyň adyny dakylan çagalar köplenç şol maşgalanyň agzalary öz ýaşulularynyň adyny tutmaýany üçin çagalary garyndaşlyk ady boýunça (Baba, Enejan, Atajan, Garry), oba garyndaşlary bolsa onuň hakyky ady boýunça atlandyrýarlar. Sebäbi bu baba-mamasyna, ata-enesine goýulan hormat.

Türkmen maşgalasynda gyz dünýä inse, ony söýüp we owadanja bolsun bolsun diýip, miwe atlaryny, ýagny Alma,  Injir, Üzüm, Hurma, Miwe, Pisse, Kişmiş atlaryny dakypdyrlar. Ondan başga-da gyzlara Laçyn, Maral, Kepderi, Maýa, Gumry, Toty, Sülgün ýaly owadan bolsun diýip at dakypdyrlar, oglanlara bolsa Bürgüt, Gaplaň, Peleň, Tarlaň, Gurt, Goç dakypdyrlar.

Çagalara başga-da tebigy hadysalar bilen baglanyşykly atlary, ýagny Aýaz, Buzly, Boran, Garly, Maýly, Ümür, Silap dakylan atlary hem has gadymy hasaplanylýar. Ondan başga-da çaga çydamly we berk agaçlaryň (Gandym, Borjak, Ýowşan, Meçen (gamyş), Ojar, Reýhan, Dagdan), dürli metallaryň we minerallaryň (Altyn, Jöwher, Zer, Mermer, Mähek, Tylla, Merjen), öý goşlarynyň, kesgir ýaraglaryň (Galkan, Gylyç, Tagan, Gazan, Keman, Palta, Çüýşe, Naýza, Zülpün (zynjyr) atlary hem çagalara dakylýar.

Eger-de çaganyň bedeninde ýa-da ýüzünde tegmili ýa-da bellikli doglan bolsa ( Tuwak, Dendan, Jyga, Kekil, Kese, Küle, Hally, Meňli, Köýnekli, Gotur) atlar dakylýar. Bu çagalara öz ady bilen doglan hem diýilýär.

Köp maşgalalaryň çagasy köp wagtlap bolmadyk bolsa, ýa-da çagasy doglup ölýän bolsa, olara Gedaý, Garyp, Zarajy (Intizar), Gudrat, Kirli, Dursun, Tezek, Italmaz, Porsy. Bu atlar köplenç Ezraýyly “Gorkuzmagyň”, onuň gazaply nazaryny başga ýana sowmagyň usuly bolupdyr.

Eger-de maşgalada köp gyz dogulyp, göwünleri  ogul isleýän ene-ata Ogulaý, Ogulgerek, Ogulnabat, Ogulşat atlary dakýarlar. Bardy-geldi bu atlar hem täsir etmese, onda Doýduk, Besdir, Ýaňyl, Gyzsoňy, Ogulhajat dakypdyrlar.

Ene-ata doglan çaga kähalatda doglan ýeriniň adyny ýa-da tiresiniň, obasynyň, şäheriniň atlaryny, ýagny Ahal, Ýemreli, Garadaşly, Nohur, Çowdur, Köwli, Jüneýt, Gökleň, Balkan, Turan, Derýa dakypdyrlar.

Dünýä inen çaganyň ene-atasy haýsy kär bilen meşgullanýandygyny we çaganyň şol käri dowam etsin diýip, arzuw-isleg bilen Gassap, Daýhan, Ussa, Lukman, Seýis, Hapyz (Bagşy), Kilwan (degirmençi) atlary dakypdyrlar.

Ekiz doglan çagalara dürli-dümen atlary däl-de il içinde kabul edilen atlary, ýagny ekizleriň her haýsyna biri-biri bilen utgaşyp gidýän atlary dakylypdyr. Olardan: Omar-Osman, Hydyr-Ylýas, Abyl-Kabyl, eger-de ekizleriň biri oglan, beýlekisi gyz bola, Mäti-Mäzem, Patma-Hasan, Ýakup-Merjen, Ikisi hem gyz bolsa, Alma-Nar, Altyn-Kümüş, Alma-Hurma, Äşe-Patma atlary dakylýar.

Geçmişde üçemlerde ýokardaky ýaly atlar dakylypdyr. Ýöne, häzirki döwürde ekiz we üçem doglan çagalara olaryň ählisiniň atlary birigip, gowy manyly jümläni aňladar ýaly sözleri seçip almak däbi ýok bolup barýar.

Sözümizi soňlap aýdanymyzda, çaga at saýlamaklyk juda çylşyrymly mesele. Goý, şonuň üçin hemme doglan çagalaryň atlary özlerini bezesin!

Goý, çagalaryň ady özleri bilen garrasynlar!

                                                                                Bahar Mämmedowa

                                                           Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň

                                               Taryh we arheologiýa institutynyň  uly ylmy işgäri.

                                                           Mahym Mämmetorazowa

                                    Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 5 –nji ýyl talyby.

 

Saç düşmeginiň öňüni almak

 

ÝENE-DE OKAŇ

ABŞ-nyň Kaliforniýa Riwersaýd uniwersitetiniň alymlary tarapyndan durmuşa geçirilen täze taslama arkaly koronowirus pandemiýasynyň iýilýän waksinasy öndüriler. Ylym we saglyk dünýäsine uly täzelik bolup girjek bu taslamanyň awtorlary waksinany käbir ösümliklerden taýýarlaýar. Uniwersitetiniň professory Huan Pablo Giraldonyň aýtmagyna görä, taslama netijeli tamamlansa, ýekeje ösümlik bir adamy keselden goramak üçin ýeterlik bolar. Taslamanyň özeninde «Pfizer-BioNTech» we «Moderna» waksinalarynyň düzüm gurluşy bolar. Esasy ösümlik...
Her ýylyň 23-nji sentýabrynda “Halkara üm arkaly gürleşmek güni” dünýäde giňden bellenilýär. Bu sene öz gözbaşyny 2017-nji ýylyň dekabr aýynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Bütindünýä kerler federasiýasynyň (World Federation of the Deaf, WFD), Halkara üm arkaly gürleşmegiň dili (International Day of Sign Languages) baradaky kabul eden kararyndan alyp gaýdýar. Şondan soňra her ýyl Ýer ýüzünde  bellenilip geçilýär. Bu...
21-22-nji sentýabrda Türkmenistanyň söwda we senagat edarasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli köpugurly sergi guraldy. Oňa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwlet böleginiň düzümleri, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň,  “Türkmengaz”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň,  Döwlet haryt-çig mal biržasynyň we beýleki ulgamlarynyň, hususy pudagynyň wekilleri, şeýle-de,  Türkmenistanyň hökümetiniň agzalary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ýokary derejede...
Kenzo Takada 1939-njy ýylda Ýaponiýada dünýä inýär. Ol gyz jigileriniň okaýan žurnallaryny okap, moda bilen gyzyklanmaga başlaýar. Takada Tokionyň moda kolležleriniň birinde bilim alýar. Okuwyny tamamlap, Pariže gidýär, ol ýerde dizaýner bolup işleýär.1970-nji ýyldan başlap Takada zenanlar üçin üýtgeşik biçüwli egin-eşikleri taýýarlaýar,1983-nji ýylda erkekler üçin hem kolleksiýon dizaýn edýär.  Bäş ýyl soňra ilkinji atyryny halka hödürledi. 1970-nji ýylda döredilen “Kenzo”...
Google: Dünýäde iň köp ulanylýan programmadyr. Kompaniýalaryň gurujylary Larry Page, Sergey Brin Standford uniwersitetiniň ilkinji ýyllarynda hem kompaniýanyň zerurlygyny  bilýärdiler. Bu sebäpli hem kompaniýalaryna matematikada iň uly sanlaryň biri bolan “ Googol” adyny bermekçidiler. Emma Larry Pageiň “googol” ýerine “Google” diýip ýalňyş ýazmagy netijesinde häzirki google kompaniýasy “google” ada eýe boldy. Rolex: Häzirki wagtda iň köp ulanylýan sagatlaryň biridir. Ilkibadalar...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
884FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar