SPORT

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy halkara ýaryşda birinji ýeňşini gazandy

Türkmenistanyň ýygyndysy Merkezi Aziýa futbol assosiasiýasynyň (CAFA) futzal boýunça zenanlar ýygyndylarynyň çempionatynyň üçünji tapgyrynda Täjigistanyň ýygyndy toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy. Ýygyndy toparymyza ýeňiş getiren ýeke-täk topy oýnuň 12-nji minutynda Maýa Musaskaýa öz adyna ýazdyrdy.

Üçünji tapgyryň beýleki oýnunda Eýranyň ýygyndy topary uly hasap bilen (10:0) gyrgyzystanly garşydaşlaryndan üstün çykdylar.

Türkmenistanyň ýygyndysy 4-nji tapgyrda Eýranyň ýygyndysy bilen güýç synanyşar.

Geçirilen oýunlardan soň 6 utuk toplan Eýranyň ýygyndysy birinji orny eýeleýär. 4 utukdan toplan Türkmenistanyň hem-de Gyrgyzystanyň ýygyndy toparlary degişlilikde ikinji, üçünji orunlarda ornaşdylar. Iki oýunda 3 utuk toplan Özbegistanyň ýygyndysy 4-nji, utugy bolmadyk Täjigistanyň milli ýygyndysy ýaryş tertibinde iň soňky orny eýeleýär.

Ýaryşa Gyrgyzystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň ýygyndylary gatnaşýarlar. Aýlaw görnüşinde geçirilýän halkara ýaryşynyň ýeňijisi utuklaryň sany boýunça kesgitleniler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hytaýyň Taýbeýini 2:1 hasabynda ýeňdi

Ronaldo 4-nji gezek Ginnesiň rekordyna eýe boldy

Ronaldonyň nobatdaky üstünligi

Kibersport boýunça ilkinji Olimpiýa oýunlary geçiriler

Garagum sährasynda ralli-reýd boýunça Türkmenistanyň Kubogy geçirildi

Täze Zelandiýa 3-nji gezek dünýä çempionatynda oýnar