TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Tatarystanyň Prezidentini gutladylar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa we ähli tatar halkyna Bütindünýä tatar kongresiniň döredilmeginiň 30 ýyllygy hem-de onuň VIII gurultaýynyň öz işine üstünlikli başlamagy mynasybetli gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz Bütindünýä tatar kongresiniň tatar halkynyň baý medeniýetini gorap saklamakda we ösdürmekde, dünýäniň ähli künjeklerinde ýaşaýan tatar halkynyň wekillerini ýakynlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini belläp, häzirki VIII gurultaýyň hem tatar halkynyň medeni däpleriniň goralyp saklanylmagyna we ösdürilmegine aýratyn goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

“Russiýanyň dürli sebitlerinde we dünýäniň köp ýurtlarynda ýaşaýan tatar halkynyň wekilleriniň köp sanly jemgyýetçilik guramalaryny birleşdirýän Bütindünýä tatar kongresi geçen döwrüň dowamynda uly üstünlikleri gazandy. Ol tatar halkynyň baý hem-de özboluşly medeniýetini gorap saklamakda we ýaýratmakda, Tatarystanyň milli medeni ösüşinde — diliň, ylmyň, bilimiň ösdürilmeginde bahasyna ýetip bolmajak ähmiýete eýedir” diýlip, Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň gutlagynda bellenilýär.

Ýene-de okaň

Ýaponiýanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Türkmenistana sapary meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri

Ýaponiýada täze hökümet düzüldi

Ata Watan Eserleri

Ýewropa suwy tygşytlaýar

Ata Watan Eserleri