Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti Başar Al Asada ýurduň demirgazyk-günbatar sebitinde köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getiren ýer titremesi zerarly gynanç hatyny iberdiler.
Türkmenistanyň ýolbaşçylary şu agyr pursatda tebigy hadysalarda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdiler.
Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.