DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti wezipesine bellenilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Biz Türkmenistanda Birleşen Arap Emirlikleri bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyga ýokary baha berýäris. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz dürli ugurlar boýunça ösdürilýär we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ýokary derejede amala aşyrylýan özara saparlar hem-de olaryň çäklerinde geçirilýän gepleşikler hyzmatdaşlygymyzy has-da işjeňleşdirmäge itergi berýär” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hatynda belleýär.

Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, wise-prezident Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirip, täze wezipede bu hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirdi, şeýle-de oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ýokary döwlet wezipesinde üstünlikler baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

***

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti wezipesine bellenilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky gatnaşyklar ýokary ösüş depgini we ynanyşmak häsiýeti bilen tapawutlanýar. Bu babatda şu ýylyň fewralynda gözel ýurduňyza saparymyň çäklerinde Siziň bilen geçiren gepleşiklerimiziň dowamynda ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça ösdürmäge ygrarlydygymyzy tassykladyk” diýip, Gahryman Arkadagymyz hatynda belledi we Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň täze wezipä bellenilmegi bilen, Emirlikleriň uly ösüşlere eýe boljakdygyna hem-de türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu mümkinçilikden peýdalanyp, Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ýokary döwlet wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň ýolbaşçylary Şeýh Haled bin Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy hökmünde bellenilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Ýene-de okaň

Mongoliýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Täjigistanda saparda boldular

Türkmenistanyň we Mongoliýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Aşgabatda Özbegistanyň we Eýranyň Prezidentileriniň duşuşygy boldy

Wladimir Putin bilen Masud Pezeşkianyň Aşgabatdaky duşuşygy

Pakistanyň we Mongoliýanyň Prezidenti Türkmenistana geldi

Ata Watan Eserleri