TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglary tamamlandy

Şu ýyl Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine 14 müň 337 talyp kabul edilmegi göz öňünde tutuldy, bu geçen ýylkydan 2 müň 95 adamyň köpdüginden habar berýär. Orta hünär okuw mekdeplerine bolsa ýurdumyzyň ýaşlarynyň 9 müň 490-synyň kabul edilýändigi ildeşlerimizi begendirdi.

«Türkmenistan» gazetiniň habar berşi ýaly, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglary tamamlandy. Mälim bolşy ýaly, giriş synaglaryna 22-nji iýulda badalga berildi. Bu jogapkärli möwsümde zehinli ýaşlar giriş synaglaryndan üstünlikli geçmegi başardylar. Olaryň arasynda ýurdumyzyň orta mekdeplerini tapawutlanyp tamamlan uçurymlaryň, döwlet we halkara derejede geçirilen olimpiadalaryň, taslama bäsleşikleriniň hem-de dünýä çempionatlarynyň ýeňijileriniň bardygyny aýtmak has-da ýakymlydyr.

Şu ýyl ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň ençemesi açyldy. Olaryň hatarynda:

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde rus dili we edebiýaty,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde kinologiýa, agroekologiýa,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda sanly ykdysadyýetde maliýe bazarlary we maliýe howpsuzlygy, söwdada we logistikada sanly tehnologiýalar,

Türkmen döwlet maliýe institutynda halkara maliýe,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde mikrobiologiýa, tehnologiýa işewürligi, filologiýa (tehniki iňlis dili we ýapon dili),

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda italýan dili,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda awtomatlaşdyrma we amaly informatika,

Türkmen oba hojalyk institutynda maglumat ulgamlary (oba hojalygynda), maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda),

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda infokommunikasion tehnologiýalar we aragatnaşyklar ulgamlary, elektroenergetika we elektrotehnika, maglumat howpsuzlygynyň menejmenti,

Türkmen döwlet medeniýet institutynda art-menejment,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda landşaft dizaýny, portlaryň we ulag menzilleriniň ýükleýiş-düşüriş enjamlarynyň ulanylyşy, ýer üsti ulag-tehnologiki serişdeleri, demir ýollaryň hereket edýän düzümi ýaly täze hünärler bar.

Şu okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň käbirinde degişli ugurlarda hünärmenleriň zerurlygy göz öňünde tutulyp, talyplaryň sany artdyryldy. Şolaryň hatarynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde psihologiýa hünärine, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetine kabul edilýän talyplaryň sany köpeldildi. Sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň täze binasynyň açyljak günleri hem barha golaýlaýar. Şu okuw ýylynda sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetine kabul edilen talyplaryň ähli amatlyklary bolan täze binada bilim we tälim aljak günleri indi daşda däl.

Ýeri gelende bellesek, şu okuw ýylynda hem ýokary okuw mekdeplerinde öňden hereket edýän we şu ýyl açylan bakalawrlary we magistrleri taýýarlamak işi tölegli esasda ýola goýulýar.

Ýene-de okaň

Ýaşlar forumy: möhüm kararlar kabul edildi, sylaglar gowşuryldy

Amerikada uniwersitet okamak üçin ilkinji ädim :Prep4Success maksatnamasy

Baş Redaktor

Amerikada gysga wagtlyk okuw :çeper eser, drama, goşgy, ssenariýa ýazyjylary

Baş Redaktor

Teswirle