TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistanyň ykdysadyýetini bazar şertlerine geçirmek çaltlandyrylar

Biziň kabul eden maksatnamalarymyz ykdysadyýetimizi bazar şertlerine geçirmekden ybarat, diýip hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde belläp geçdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, döwlet Baştutanymyz bu barada şeýle diýdi:

– Bu çözgüt ýatyrmaga degişli däldir. Sebäbi bütin dünýä şu usulda işleýär. Ykdysadyýetimizi bazar şertlerine näçe tiz geçirsek, onda mähriban halkymyz şonça-da çalt gowy durmuşda ýaşar. Eger aýry-aýry pudaklaryň bazar şertlerinde işläp bilmeýändigi barada düşünje bar bolsa, onda bu pikir ýalňyşdyr. Şoňa görä-de, şol pudaklar üçin ýaş, sowatly, gujur-gaýratly, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda işläp we baştutanlyk edip biljek başarnykly ýolbaşçylary saýlap almaly.

 

Türkmenistandan Russiýa 20-nji ýörite uçar gatnawy

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hytaýa 4-nji turba geçirijini çekmek mümkinçiligine seretmäge taýýar

Türkmenistanda 11 milliard dollarlyk ýapon maýasy

Awazadaky resminama BMG-niň resmi resminamasy hökmünde çap edildi

Teswirle