BIZNES

Türkmenistanyň ykdysadyýetine 200 milliard dollar maýa goýuldy

Maýa goýumlar ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmek üçin esasy gural hökmünde çykyş edýär. Her ýyl ykdysadyýete gönükdirilýän maýa goýumlaryňjemi içerki önümdäki paýy 25 — 30 göterime barabar bolýar. Şunda daşary ýurt maýa goýumlarynyňpaýy jemi möçberiň15 göterime çenlisini düzýär. Ýurt Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň içinde ykdysadyýete goýulýan esasy maýa goýumlaryň möçberi ýüzlerçe esse artyp, 200 milliard amerikan dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow “Türkmenistan” gazetindäki çykyşynda belläp geçdi.

Şeýle hem ministr öz çykyşynda: Maýa goýumlaryň 66 — 68 göterimden gowragy önümçilik ulgamyna gönükdirildi. Bu bolsa ykdysadyýetiňgurluşyny ep-esli üýtgetmäge we önümçiligi düýpgöter döwrebaplaşdyrmaga, senagatyň gaýtadan işleýän pudagynyňönümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Şunuň bilen birlikde, iň ygtybarly we çalt yzyna gaýtarylýan maýa goýumyňgörnüşi hökmünde ýurdumyzda «adam maýasyna» goýulýan goýumlara aýratyn ähmiýet berilýär.

Bilim, saglygy goraýyş, ylym we beýleki ugurlara goýulýan maýalar ýurduň ykdysadyýetiniň innowasiýa binýadyny berkitdi. Munuň şeýledigini dünýäde uly abraýdan peýdalanýan «Fitch Ratings» agentliginiň beren derejesi tassyklamak bilen, ykdysadyýetiň mundan beýläk-de ösüşiň täze belentliklerine ýetjekdigini ýene-de bir gezek kepillendirýär – diýip, belledi.

 

Kosmosda burç gülledi

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 40 milliard 230 million kubmetr tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Özbegistanyň esasy söwda hyzmatdaşy

Eýranda 1.7 million awtoulag öndüriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň serhet wekilleriniň ikinji duşuşygy

Türkmenistanda “akylly” gaz hasaplaýjy enjamlary gurnalar

“Sanly karz” ulgamy hyzmaty ornaşdyrylýar