TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 29 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň üstünlikleriniň sergisi geçirilýär. 2 gün dowam edýän sergide ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler görkezilýär.

Bu sergi ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy bilen ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň bilelikde gatnaşmagynda geçirilýär. Serginiň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiziň bu ykdysady gözden geçiriş dabarasyna gatnaşyjylara iberen Gutlag haty okaldy.

Milli Liderimiziň Gutlagynda: “Ata Watanymyzyň ykdysady ösüşiniň täze belentliklere çykmagy bilen, halkymyzyň durmuş üpjünçiligi, ýaşaýyş derejesi barha ýokarlanýar. Çünki Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň hemme ugurlarynda üstünlikli amala aşyrylýan özgertmeler, gazanylýan ösüşler, ýetilýän belent sepgitler bir maksada — halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde üpjün edilmegine gönükdirilendir.” diýlip bellenilýär.

Bu sergi ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda gazanylan üstünlikleriň hem-de guwandyryjy sepgitleriň açylyp görkezilmegi babatda uly ähmiýete eýedir.

Sergide döwlet we hususy pudagyň wekilleriniň gatnaşmagyndan 70-den gowrak diwarlyk ýerleşdirilip, ol ýerde ýurdumyzda öndürilýän önümler, harytlar hem-de hyzmatlar görkezilýär. Hususy pudagyň wekilleriniň hem köp böleginiň bu sergä gatnaşmagy ýurdumyzyň ykdysadyýetinde, galyberse-de önümçiliginde olaryň hem paýynyň yzygiderli ýokarlanmagy bilen şertlenendir.

Şeýle hem serginiň çäklerinde «Sanly ykdysadyýet — ykdysady ösüşiň möhüm ugry» atly ylmy-amaly maslahat hem geçirilýär. Bu maslahat ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň sanlylaşdyrmagy babatda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylýan döwründe geçirilmeginiň hem özboluşly manysy bar.

Bu maslahata gatnaşyjy bilermenler hem-de hünärmenler sanly ykdysadyýetiň ähmiýetine barada çykyşlar ediler.

Sergi 2 gün dowam edip, 19-njy sentýabrda, ýagny şu gün sagat 18:00-a çenli, 20-nji sentýabrda, ertir bolsa sagat 10:00-dan 17:00-a çenli öz işini dowam eder.

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

 

Ýene-de okaň

Eýranyň paýtagtynda «IAPEX-2022» halkara awtoulag sergisi geçiriler

Aşgabat şäherinde Stomatologiýa merkezi gurlar

Aşgabatda Halkara pediatriýa merkezi gurlar

Teswirle