SPORT

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Eýranyň ýygyndysyndan üstün çykdy

Futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň Kubogy 2022-niň toparçalaýyn bäsleşiginiň ikinji tapgyrynda Eýranyň ýaşlar ýygyndysy bilen duşuşyp, 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň 8-nji minutynda Alireza Bawiýehiň geçiren golundan soň eýranly futbolçylar öňe saýlanan hem bolsa, Arzuwguly Sapargulyýewiň oýnuň 28-nji minutynda 11 metrlik jerime urgusyndan geçiren goly hem-de duşuşygyň ahyrky minutlarynda, has takygy Teýmur Çaryýewiň 80-nji minutda geçiren aýgytly goly duşuşygyň ykbalyny çözdi. «A» toparçanyň beýleki duşuşygynda Özbegistanyň ýaşlar ýygyndysy Kataryň ýygyndy toparyny uly hasap bilen (6:0) ýeňlişe sezewar etdi.

Şeýlelikde, iki tapgyrdan soň 6 utuk toplan Özbegistanyň ýygyndysy «A» toparçada birinji, 3 utuk toplan Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy bolsa ikinji orny eýeleýär. Bir utukdan toplan Eýranyň hem-de Kataryň ýygyndy toparlary degişlilikde üçünji, dördünji orunlarda ornaşdylar.

Ýurdumyzyň ýaşlar ýygyndysy üçünji tapgyrda Kataryň ýygyndy topary bilen duşuşar. Bu duşuşyk 7-nji iýunda geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, ýaşlar ýygyndylarynyň (U23) gatnaşmagyndaky Aziýa Kubogynyň final tapgyry Özbegistanda dowam edýär.

Toparçalaýyn bäsleşikleriň jemi boýunça her toparçada ilkinji iki orny eýelän ýygyndylar çykyşlaryny çärýekfinaldan dowam ederler. Çärýek finala çykan ýagdaýynda toparymyzyň garşydaşlary “B” toparçanyň wekilleri Awstraliýanyň, Iordaniýanyň, Yragyň ýa-da Kuweýtiň ýaşlar ýygyndy toparlarynyň biriniň bolmagyna garaşylýar.

Aziýa Kubogynyň çärýekfinalynyň duşuşyklary 11-12-nji, ýarym final 15-nji, üçünji orun ugrundaky duşuşyk 18-nji, final oýny bolsa 19-njy iýunda geçiriler.

 

Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Ýene-de okaň

Türkmenistanly samboçylar Belarusda 13 medal gazandylar

Ýurdumyzyň samboçylary Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýragy ugrundaky ýaryşyň ilkinji gününde alty medal gazandylar

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy halkara ýaryşda birinji ýeňşini gazandy

Türkmenistanly küştçi Daşkentde geçirilen halkara ýaryşda ýeňiji boldy

“Real” myhmançylykda “Mançester Sitini” ýeňdi

Türkmenistanly hünärmen Aziýa Kubogyna (U20) gatnaşmaga mümkinçilik aldy