Türkmenistanyň wekilleri Ene dilleriň halkara güni mynasybetli Astrahandaky çärä gatnaşdylar

Türkmenistanyň Astrahan şäherindäki Konsullyk edarasynyň wekilleri bu ýerdäki iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Döwlet tehniki uniwersitetinde geçirilen halkara çärä gatnaşdylar. Bu barada «Astrakhan.24» habar berýär.

Ene dilleriniň halkara gününe bagyşlanan çäre çekişme görnüşinde geçirildi. Onuň esasy mowzugy medeniýetleriň we dilleriň arasyndaky gatnaşyklar boldy.

Ýerli gubernatorlygyň, sebitiň Medeniýet we syýahatçylyk minsitrliginiň, Gazagystanyň konsullugynyň we ýerli muzeýleriň wekilleriniň hem gatnaşmagynda geçirilen çekişmä Gazagystandan iki uniwersitet, Astrahanyň milli jemgyýetleri we bu uniwersitetiň Özbegistandaky şahamçasy onlaýn görnüşde wekilçilik etdi.

Biri-birine ýakyn döwletleriň arasyndaky milli we dil babatyndaky aýratynlyklar, olaryň baglanyşygy, gadymy däpleriň goralyp saklanmagy we ösdürmegi çekişmede orta atylan esasy meseleler boldy. Şeýle hem oňa gatnaşyjylar ýaş nesliň milli däplerine, hususan-da, ene diline hormat goýmagy baradaky pikirlerini paýlaşdylar.

Astrahan şäherinde müňlerçe türkmen talybynyň bilim alýandygyny ýatladýarys. Şeýle çekişmeleriň guralmagy olaryň milli medeniýetimize we ene dilimize bolan hormatyny has-da artdyrýar.

 

Okap bilersiňiz  Iki ada taryha siňdi

Tirkeş Mätnazarow: Maksadym şowsuzlyklardan ýokarda