Şu gün, 16-njy maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada “maslahat.gov.tm” web sahypasynda bellenilip geçilýär.
Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyz Kazan şäherinde «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumynyň örän ýokary derejede geçjekdigini belledi.
Öz gezeginde Rustam Minnihanow bu halkara ykdysady forumynyň geçirilmegine Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň uly ähmiýet berýändigini aýtdy.
Milli Liderimiz bu halkara çäresine türkmen wekiliýetiniň gatnaşýandygyny aýratyn bellemek bilen, Türkmenistanyň söwda-da, ulag, gurluşyk ulgamlarynda gazanan üstünlikleriniň sergisiniň ýaýbaňlandyryljakdygyny nygtady.
Özara gepleşikde Milli Liderimiz döwletleriň arasynda ulag ulgamyndaky gatnaşyklaryň, esasan-da, täze geçelgeleriň, demirgazyk-günorta ulag-üstaşyr geçelgesiniň möhümdigini belledi. Bu hakynda dostlukly ýurduň döwlet Baştutany «tegelek stollaryň» guraljakdygyny aýtdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar birek-birege iň gowy arzuwlaryny aýtdylar hem-de uly üstünlikleri arzuw etdiler.