TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanda saparda bolýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasynda iş saparynda bolýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň wideoaragatnaşyk arkaly 2021-nji ýyldaky ilkinji mejlisinde degişli Buýruga gol çekdi.

Şol resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda howpsuzlyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-owgan iş toparynyň nobatdaky 6-njy mejlisiniň işine gatnaşmak hem-de Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary 2021-nji ýylyň 8-9-njy ýanwary aralygynda Kabul şäherinde gulluk iş saparynda bolarlar.

Bu barada “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň ilkinji wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hem bellenilip geçildi. “Watan” habarlar gepleşiginde bu babatda bellenilip geçildi.

Mundan başga-da, saparyň çäklerinde Owganystanyň ýolbaşçylary we döwlet edaralarynyň resmi wekilleri bilen duşuşyklar we gepleşikler göz öňünde tutulýar.

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygy

Ata Watan Eserleri

Meredow we Çawuşogly : telefon arkaly gynanç bildirildi

Baş Redaktor

Teswirle