DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti COP29 maslahatyna gatnaşýar

Baku şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň konferensiýasynyň 29-njy mejlisi (COP29) öz işinde başlady.

COP29 howanyň üýtgemegi bilen bagly ählumumy syýasaty ara alyp maslahatlaşmak we bu ugurda ýurtlaryň arasyndaky özara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin möhüm meýdançalaryň biri bolup durýar.

Gatnaşyjy ýurtlar howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak we energetika geçişini çaltlaşdyrmak barada pikir alyşarlar.

Bu gezekki mejlisiň gün tertibine laýyklykda, ýurtlar üçin howanyň üýtgemegine garşy göreş çärelerini maliýeleşdirmek bilen bagly täze ählumumy maksat kesgitlener.

Howanyň üýtgemegi bilen bagly maslahata Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň medeniýet ministrine Gyrgyz Respublikasynyň halk artisti diýen at dakyldy

Donald Tramp – ýylyň adamy

Türkmen-eýran hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan GDA-nyň Premýer-ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Daşoguz şäherinde dört gatly öýleriň 70-si açyldy

Türkmenbaşy şäherinde ýaşaýyş jaýlarynyň 5-si açyldy