2023-nji ýylyň 10-njy aprelinde BMG-nyň Ilat we ösüş boýunça toparynyň 56-njy mejlisi BMG-nyň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda başlandy. Oňa Türkmenistanyň Statistika baradaky Döwlet komitetiniň ilat statistika bölüminiň başlygy J.Pygamowa gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekilhanasynyň resmi internet sahypasy habar berýär.
14-nji aprele çenli dowam etjek mejlisiň çäklerinde ýokary derejeli umumy debatlary, ministrleriň tegelek stollaryny, ilat we ösüş bilen baglanyşykly birnäçe meseleleri boýunça beýleki maslahatlary geçiriler.
Türkmenistanyň wekiliýeti umumy debatlaryň dowamynda eden çykyşynda ýurduň milli tejribesini we ilat babatynda gazananlaryny açyp görkezdi, şeýle hem bu ugurda sebit we ähliumumy derejede köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin birnäçe teklipleri beýan etdi.
Ylaýta-da, Türkmenistanyň hökümetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamlaýyn edaralarynyň 2022-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň ilat we ýaşaýyş jaý gorunyň ýazuwyny guramak we üstünlikli alyp barmak boýunça bilelikde ýerine ýetiren işleri bellendi.