JEMGYÝET

Türkmenistanyň wekiliýeti Aziýanyň zenanlar forumyna gatnaşýar

Şu gün Özbegistanyň taryhy Samarkant şäherinde Aziýa yklymynda ilkinji gezek Aziýanyň zenanlar forumy geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti hem gatnaşýar.

Özbegistanyň metbugatyna görä, Prezident Şawkat Mirziýoýew BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Özbegistanda Aziýanyň zenanlarynyň forumyny geçirmek babatda teklip bilen çykyş edipdi.

Şonuň netijesinde, Samarkant şäherinde “Zenanlaryň ykdysady, jemgyýetçilik we syýasy mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça sebitleýin çemeleşme” atly Aziýanyň zenanlarynyň forumy geçirilýär. Oňa Gündogar Aziýa, Günorta-Gündogar Aziýa, Günorta we Merkezi Aziýa döwletleriniň zenan deputatlary, hökümet wekilleri, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, umuman 40-dan gowrak ýurtdan ýokary derejeli wekiliýet gatnaşýar.

Foruma gatnaşýan zenanlaryň arasynda döwletleriň durmuş-ykdysady, ylym-bilim we medeni-ynsanperwer ugurlarynda işjeň orun alýan zenanlaryň uly toplumy wekilçilik edýär.

Forumyň açylyş dabarasynda Özbegistanyň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşyjylara iberen gutlag hatyny okady.

Soňra Senatyň Başlygy – zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny, gender deňligini we maşgaladaky ornuny gowulandyrmak boýunça respublikan komissiýanyň başlygy Tanzila Narbaýewa öz çykyşynda Merkezi Aziýanyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň gender deňligi, zenanlaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagy babatda tutuş Aziýa sebitiniň zenanlary üçin netijeli meýdança bolup durýandygyny belledi.

Forumyň çäklerinde edilen çykyşlarda her döwletiň wekilleri öz ýurdunda zenanlaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagy babatda edilýän işleri, kabul edilýän kanunçylyk namalary babatda durup geçdiler.

Umuman, bu forumda zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny has-da kämilleşdirmek, zenanlaryň ykdysady, jemgyýetçilik we syýasy mümkinçiliklerini giňletmek babatda edilýän tagallalar barada gürrüň edildi.

Ýene-de okaň

“Ýüpek ýoly” rallisi: türkmen türgenleri baýrakly dolanýarlar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde täze departamentler döredildi

Ata Watan Eserleri

Daşkent şäherinde «Türkmenistanda öndürilen» atly türkmen harytlarynyň milli sergisi geçirildi

“Galkynyş” tans topary Türkiýede 2-nji orny eýeledi

Türkmenistanyň Mejlisi täze kanunçylyk namalaryny kabul etdi

Messili Argentina – Kopa Amerikanyň çempiony

Ata Watan Eserleri