TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleri Özbegistana bararlar

Şu ýylyň 15-16-njy sentýabrynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşarlar. Bu barada Özbegistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy boýunça utgaşdyryjysy Rahmatulla Nurimbetow habar berdi.

Onuň habar bermegine görä, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza 8 döwletiň ýolbaşçylary bilen bir hatarda gurama synçy döwletleriň – Belarus, Eýran we Mongoloýa ýaly ýurtlaryň hem döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

– Biz gurama başlyk edýän Özbegistanyň ýakyn gatnaşyklary saklaýan ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagyna garaşýarys. Olaryň arasynda Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleri, şeýle hem birnäçe myhmanlara garaşýarys. Olaryň gatnaşmagy boýunça degişli ylalaşyklar alnyp barylýar – diýip, Rahmatulla Nurimbetow belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Russiýa: ylalaşyklaryň toplumyna gol çekiler

Türkmenistanyň Prezidenti Sadyr Žaparowy doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Azerbaýjana sapary

Teswirle