JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri Özbegistanda duşuşarlar

Şu ýylyň 15-16-njy sentýabrynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky sammiti geçiler. Bu sammite Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde gatnaşar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň bu sammitiň çäklerinde gurama agza ýurtlaryň biri bolan Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen ikiçäk duşuşygy bolar. Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň halkara meseleler boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakow belläp geçdi.

“Ria Nowosti” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Wladimir Putin sammitiň çäklerinde Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň Prezidentleri, şeýle hem Hindistanyň we Pakistanyň Premýer-ministrleri bilen duşuşyklar geçirer.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, 15-16-njy sentýabrda Samarkant şäherinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň baştutanlygynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň 22-nji mejlisi geçirilýär. Oňa gurama gaza döwletleriň – Hindistan, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyz Respublikasy, Pakistan, Russiýa, Täjigistan we Özbegistanyň ýolbaşçylary gatnaşar. Şeýle hem sammitde guramanyň synçy döwletleri bolan Belarusyň, Eýranyň we Mongoliýanyň Prezidentleri öz orunlaryny alarlar.

Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Ermenistanyň Prezidentleri bolsa, bu sammitne hormatly myhman hökmünde çagyryldy.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri: şäherleri ösdürmegiň strategiýasyny işläp taýýarlamak zerurdyr

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ähmiýetini nygtady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy pederlerimiziň däplerini dowam etmegi çagyrdy

Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýä sapary meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri