TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri duşuşdy

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Özbegistanyň Samarkant şäherine amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.

TASS habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabat bilen Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesinde kanagatlanma bildirendigi mälim edildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň oktýabr aýynda Russiýada saparda boljakdygyny belläp geçdi.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin hem öz gezeginde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Federal ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň çakylygy boýunça Russiýada saparda boljakdygyndan habarlydygyny belläp, Halk Maslahatynyň Başlygy bilen duşuşjakdygyny belledi.

Türkmen-rus hyzmatdaşlygynda medeni-ynsanperwer ulgam aýratyn orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen ýaşlarynyň 30 müňden gowragynyň bilim alýandygyny aýdyp, Aşgabatda bilelikdäki türkmen-rus uniwersitetini açmak meselesiniň öwrenilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýylyň ahyryna çenli dürli görnüşli medeni çäreleriň guralmagynyň göz öňünde tutulýandygy hem nygtaldy.

Ýene-de okaň

Serhetabat we Oguzhan etrap häkimlikleri ýatyryldy

Baş Redaktor

Farap we Döwletli etrap häkimlikleri ýatyryldy

Baş Redaktor

Daşoguz welaýatynda ady üýtgedilen we ýatyrylan etraplar

Baş Redaktor

Teswirle