TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY

Türkmenistanyň we Rumyniýanyň deputatlarynyň duşuşygy

2020-nji ýylyň 9-njy iýulynda Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Parlamentara dostluk toparynyň parlamentariýleriniň onlaýn duşuşygy geçirildi. Rumyniýanyň Parlamentiniň deputatlar Palatasynyň Daşary syýasat boýunça komitetiniň Başlygynyň we Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygynyň wekiliçiliginde türkmen-rumyn we rumyn-türkmen Parlamentara dostluk toparynyň Başlyklary, şeýle-de iki ýurduň deputatlary wekiliýetleriň düzümine girizildi.

Taraplar iki dostlukly ýurduň parlamentleriniň işine degişli bolan meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň barşynda parlamentariýler taraplaryň özara gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça özarabähbitli hyzmatdaşlygyň saklanylmagyna we ösdürilmegine ymtylýandyklaryny tassykladylar.

Şeýle-de syýasy we medeni ulgamlarynda köpugurly hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi üçin bilimleriň hem-de tejribeleriň alyşylmagy boýunça işjeň ara alyp maslahatlaşmalar geçirildi.

Dünýä çygryndaky pandemiýa ýagdaýlary bilen baglylykda, söhbetdeşler Türkmenistanyň we Rumyniýanyň parlamentariýleriniň onlaýn görnüşindäki yzygiderli duşuşyklarynyň dikeldilmegine aýratyn üns berdiler.

Ýene-de okaň

Daşoguz welaýatyna syýahat otlusy guraldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Türkmenistanyň wekiliýeti AHHG-nyň müdiriýetiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini berdi

Türkmenistan-Koreýa Respublikasy: parlament ugry boýunça ylalaşyga gol çekildi

Çawuşogly: Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklarymyzy ösdüreris

Ata Watan Eserleri

“Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan” üçtaraplaýyn sammiti Awazada geçiriler

Prezident Ärdogan Türkmenistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Hindistana barjak daşary ýurtlular üçin täze düzgünler

San­ly ul­ga­m has-da kämilleşdirilýär

Teswirle