TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri oktýabr aýynda duşuşarlar

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidentine Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Şol gutlag hatynda özbek Lideri oktýabr aýynda boljak ýokary derejedäki duşuşygyň doganlyk halklaryň umumy bähbitlerine, iki ýurduň ösdürilmegine hyzmat etjekdigini belledi.

Gutlag hatynda şeýle diýilýär:

– Sizi hem-de ýurduňyzyň doganlyk halkyny Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni bilen gutlamaga we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.

Siziň köptaraply işiňiz, ýurduňyzyň durnukly ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen yzygiderli özgertmeleriňiz, sebit we dünýä derejesinde öňe sürýän başlangyçlaryňyz Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegine ýardam berýär. Ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk, strategik hyzmatdaşlyk ruhundaky gatnaşyklar, iň ýokary derejedäki netijeli we yzygiderli dialog bizi örän buýsandyrýar.

Siziň şu ýylyň iýun aýynda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparyňyzyň hemmetaraplaýyn we uzak möhletleýin gatnaşyklarymyzy has ýokary derejä çykarandygyny aýratyn nygtamak isleýärin.

Ýakynda Samarkant şäherinde guralan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagyňyz hem-de geçiren netijeli gepleşiklerimiz biziň depginli ösdürilýän hyzmatdaşlygymyza täze itergi berer.

Biziň oktýabr aýynda boljak ýokary derejedäki duşuşygymyz, ozal gazanylan we netijeli durmuşa geçirilýän möhüm ylalaşyklarymyz hem, gürrüňsiz, doganlyk halklarymyzyň umumy bähbitlerine, iki ýurduň ösdürilmegine hyzmat eder.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Teswirle