TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Özara ynanyşmak we işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny, bar bolan kuwwaty hem-de uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, onuň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar.

Şeýle-de taraplar sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Ýokary derejeli gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Ýene-de okaň

Russiýanyň deputatlary Türkmenistandaky saýlawlara synçy hökmünde çagyryldy

Türkmenistan Azerbaýjanyň Eýrandaky Ilçihanasyna bolan hüjümi ýazgardy

Baş Redaktor

Türkmen-german syýasy geňeşmeleri geçirildi

Teswirle