TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Müsüriň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

2020-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Müsür Arap Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Şukriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.

Diplomatlar türkmen-müsür gatnaşyklary bilen bagly birnäçe derwaýys meselelere garadylar. Syýasy-diplomatik gepleşikleriň ýokary derejesi hem-de halkara guramalaryň, hususan-da BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi bellenildi.  Kärdeşler ýakyn geljekde iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky onlaýn görnüşinde geňeşmeleri geçirmekligiň zerurlygyny bellediler.

KOWID-19 pandemiýasyny we onuň durmuş-ykdysady taýdan zyýanly täsirlerini ýeňip geçmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu dörän ýagdaýyň çözülmegi ugrunda gerek bolan ähli ylmy, maliýe we beýleki serişdeleriň ulanylmagynyň zerurlygy bellenildi.

Diplomatlar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň we ikitaraplaýyn haryt dolanşygynyň ösüşini üpjün etmegiň mümkinçiliklerine garadylar.

Ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri oktýabr aýynda duşuşarlar

BMG-niň Baş Sekretary Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady

Türkmenistanda Garaşsyzlyk baýramy: Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagy

Teswirle