TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Kanadanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

2020-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Kanadanyň Daşary işler ministri Fransua-Filipp Şampan bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar COVID-19 pandemiýasy bilen bagly häzirki ýagdaýlar we onuň ýaýramagyna garşy göreş çäreleri barada pikir alyşdylar. Bu babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ulanmak bilen utgaşykly hereketleri amala aşyrmaga özara derejede taýýardyklary barada nygtaldy.

Şeýle hem pandemiýanyň ykdysady we durmuş çäklerdäki netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu babatda  häzirki zaman wehimlerine garşy çalt we netijeli gaýtawul bermekde dünýä jemgyýetçiliginiň hemmetaraplaýyn özara goldawyny güýçlendirmeginiň zerurlygy nygtaldy.

Daşary-syýasy edaralaryň ýolbaşçylary şeýle-de türkmen-kanada hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatiki we medeni çäklerindäki ýagdaýyny hem-de geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň we Kanadanyň halkara giňişliginde, aýratyn hem bu iki dostlukly döwletiň özara goldawyň we düşünişmegiň saldamly tejribesini toplan ugry bolan BMG-niň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi dogrusynda pikirler alyşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Teswirle