TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY

Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

2020-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrleri R.Meredowyň hem-de Wan Iniň arasynda telefon arkaly gepleşikleri geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibiniň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Dürli sebitleýin we halkara guramalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň özara goldawlarynyň işjeňleşdirilmeginde gepleşikleriň aýratyn mowzugyna öwrüldi.

Koronawirusyň täze görnüşiniň pandemiýasynyň garşysyna bilelikdäki hereketleriň utgaşdyrylmagy bilen bir hatarda, derwaýys sebit hem-de halkara meselelerine hem seredilip geçildi. Bu ugurda diplomatlar adatdan daşary ýagdaýlar wagtynda netijeli gaýragoýulmasyz utgaşdyrylan hereketleriň guramaçylygy we geçirilmegi babatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Alym-lukmanlaryň geňeşiniň döredilmegi baradaky başlangyjynyň aýratyn ähmiýetini we derwaýyslygyny nygtadylar. Türkmenistanyň we HHR-iň DIM-niň ýolbaşçylary çylşyrymly umumy dünýä ýagdaýlarynyň nazarda tutulmagy bilen, ylmy diplomatiýanyň netijeli gurallarynyň hemmetaraplaýyn ýaýbaňlandyrylmagynyň wajyp häsiýete eýe bolýandygyny hem belläp geçdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti: futbol boýunça dünýä çempionatynyň hormatly myhmany

Baş Redaktor

Awazada sammit: Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan

Baş Redaktor

«Belawiýa» awiakompaniýasy Türkmenistana uçar gatnawlaryny artdyrdy

Maglumat tehnologiýalaryň elektron sözlügi işe girizildi

Katar-2022: nobat 1/8 finalda

Türkmenistanda metanol önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistan konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşyga goşular

Ulag boýunça türkmen-rus topary dörediler

Katar-2022: Günorta Koreýa Portugaliýany ýeňip, 1/8 finalda

Gruziýadan gelen telekeçi türkmen dokma önümlerini satyn aldy

Teswirle