Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

2021-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň daşary işler ministrleriniň 6-njy duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Subrahmaniýam Jaýşankar bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hem-de beýleki ileri tutulýan ulgamlardaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyny has hem pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýokary derejedäki türkmen-hindi gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýete eýedigi bellenilip geçildi. Şol sanda daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça alnyp barylýan özara hereketleriň mümkinçilikleri hem nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara toparynyň nobatdaky duşuşygyny geçirmegiň maksada laýyklygy beýan edildi.

Häzirki döwrüň wehimlerine garşy göreşmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalaryň netijeliligini nygtamak bilen, diplomatlar iki ýurduň sebit we halkara derejelerindäki özara hereketleriniň hem önjeýliligini bellediler. Hususan hem, Türkmenistanyň we Hindistanyň abraýly halkara guramalarynyň çäklerindäki gatnaşyklarynyň işjeň häsiýeti nygtaldy.

«Merkezi Aziýa – Hindistan» Dialogynyň ähmiýeti aýratyn bellenilip geçildi. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nygtaýşy ýaly, özara hereketleriň bu formaty meseleleriň giň toplumyny işjeň ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär.

Ministrler şeýle-de taraplaryň geljegi uly bolan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamalasynyň amala aşyrylmagy boýunça alyp barylýan işjeň gatnaşyklaryny hem belläp geçdiler.

 

Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistana sapar bilen geler

 

ÝENE-DE OKAŇ

Meşhur suratkeş Winsent Wan Gog 1888-nji ýylda saglyk ýagdaýy sebäpli Fransiýanyň oba ýerlerinde ýaşap başlanynda "Meules de Blé" ("Bugdaý üýşmeleri") atly suratyny çekdi. Gog Arlesde bolup ýörkä, töweregindäki çopan durmuşyna aşyk boldy we "Meules de blé" bu döwürde öndüren hasyl temaly eserleriniň birine öwrüldi. Winsent Wan Goguň suraty 116 ýyldan soň auksiona çykarylýar. “Meules de Blé” (“Bugdaý üýşmeleri”) akwarel suraty...
“Forbes” tarapyndan taýýarlanan dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda birinji orny 3 aýyň içinde dördünji gezek üýtgedi. “Tesla” kompaniýasynyň baş direktory Ilon Maskyň paýnamalary 870 dollara çenli ýokarlandy. Ilon Mask iýul aýyndan soň ýene-de birinji orna çykyp, ikinji orunda durýan “Amazon” kompaniýasynyň eýesi Jeff Bezosyň arasyndaky tapawudy 20 milliard dollardan gowrak ýokarlandyrdy. Ine, täzelenen görnüşinde dünýäniň iň baý 10 adamynyň sanawy: ILON...
8-nji Hytaý-Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk forumy geçirildi. 2021-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasynda özara peýdaly söwda gatnaşyklarynyň täsiri bilen birlikde ykdysady gatnaşyklary we has ýaşyl ösüş strategiýalaryny diwersifikasiýa etmek üçin özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklary maslahatlaşyldy. Hytaý metbugatynda bellenilip geçilişi ýaly, Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky söwda gatnaşyklary soňky 20 ýylda yzygiderli ösýär. Diňe 2020-nji ýylda Hytaýdan Merkezi Aziýanyň bäş...
Türkmenistandan ýokary derejeli wekiliýetiň Birleşen Milletler Guramasynyň howanyň üýtgemegi boýunça (COP26) halkara maslahatyna gatnaşmaga taýýarlyk görýär. Bu barada BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan gurnalan onlaýn duşuşykda bellenilip geçildi. Bu barada BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň web sahypasynda bellenilip geçilýär. Türkmenistan Hökümetiniň daşky gurşaw we howany goramak taslamalaryny durmuşa geçirmek ugrundaky tagallalaryny goldamak babatda geçirilen onlaýn duşuşykda...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi. Türkmenistanda işleýän 12 ýylynda “Rönesans Holdinge” birnäçe möhüm düzümleýin desgalaryň gurluşygy ynanyldy. Şol desgalaryň hatarynda ýapon hyzmatdaşlar bilen bilelikde durmuşa geçirilen “Marykarbamid” zawodynyň, Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän zawodyň, Çärjew etrabyndaky sebitde deňi-taýy bolmadyk elektrik stansiýasynyň taslamalary bar. Nygtalyşy ýaly, kompaniýa rowaçlyk we gülläp...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
888FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar