TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň daşary işler ministrleriniň onlaýn duşuşygy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Ministrler syýasy-diplomatik, şeýle-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şu ýylda ýokary derejeli saparlary guramaga aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda syýasy maslahatlaşmalary işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenildi. Taraplar sebit we halkara meseleler boýunça iki döwletiň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini beýan etdiler. BMG-niň, YHG-niň, GDA-nyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyga seredildi.

Ministrler şeýle-de iki döwletiň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary, şol sanda olary işjeňleşdirmek üçin hünärmen derejesinde duşuşyklary geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Energiýa, ulag we oba hojalygy ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegine seredildi. Şu nukdaýnazardan, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň duşuşyklaryny yzygiderli geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy.

Şeýle-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilim, medeniýet we sport babatda gatnaşyklaryň netijeliligi beýan edildi. Şu nukdaýnazardan, şu ýylda şeýle çäreleri guramagyň mümkinçiliklerine garaldy.

 

Ýaponiýanyň kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk

 

 

Ýene-de okaň

Eýranyň energetika ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Moskwada saparda bolar

HHR-iň öňki Başlygy Szýan Szemin aradan çykdy

Teswirle