JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Eýranyň Prezidentleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Döwlet Baştutanlary mähirli salamlaşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdiler. Şol hyzmatdaşlygyň esasyny ozaldan gelýän dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary düzýär. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz eýranly kärdeşine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny beýan etdi.

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Seýed Ebrahim Raisi mukaddes Oraza aýy mynasybetli birek-biregi tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler. Şunuň bilen baglylykda, goňşy döwletiň adyna Gahryman Arkadagymyzyň adyndan hem iň gowy arzuwlar beýan edildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanymyz 2022-nji ýylyň 14-15-nji iýunynda Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran resmi saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlady. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, saparyň dowamynda açyklyk häsiýetinde oňyn gepleşikler geçirildi, dürli meseleler boýunça pikir alşyldy we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna degişli möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Döwlet Baştutanymyz saparyň netijeleriniň döwletara gatnaşyklary has-da ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Söhbetdeşler halkara syýasatyň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meselelerine degip geçip, häzirki döwrüň derwaýys meseleleri boýunça, aýratyn-da, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda tagallalary birleşdirmekde garaýyşlaryň meňzeşdigini ýa-da gabat gelýändigini nygtadylar. Ýurtlaryň ikisiniň hem abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG we beýleki guramalar bilen netijeli gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda söhbetdeşler ähli ugurlarda, hususan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda bar bolan mümkinçilikleri nazara almak bilen, döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa toplumlarynda, oba hojalygynda gatnaşyklary giňeltmek babatda uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Döwlet Baştutanlary türkmen-eýran söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň oňyn häsiýetini nygtap, netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň möhüm gurallarynyň biri bolup durýan bilelikdäki hökümetara toparyň işiniň ähmiýetine ünsi çekdiler.

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Seýed Ebrahim Raisi döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda halklaryň ýakynlaşmagynda, medeniýetleriň özara baýlaşmagynda möhüm orny eýeleýän medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ähmiýeti barada aýdyp, bu ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň wajypdygyny nygtadylar. Söhbetdeşler iki döwletiň mizemez dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklap, türkmen we eýran halklarynyň abadançylygynyň bähbidine ileri tutulýan ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini bellediler.

Ýene-de okaň

Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçy Saud Arabystana gider

Ata Watan Eserleri

Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Türkmenistanda iýun aýynda geçiriljek esasy çäreler

Türkmenistan Hytaý, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürer

Mary-Tejen-Aşgabat ugry boýunça welosiped ýörişi geçiriler

Çoganly ýaşaýyş toplumynda iki gatly 136 sany ýaşaýyş jaýy açylyp ulanmaga berildi