TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hossein Amir Abdollahian bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi.

Işjeň söhbetdeşligiň barşynda ministrler ikitaraplaýyn we sebit ähmiýetli meseleleriň giň toplumyna seredip geçdiler. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza-döwletleriň Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde geçirilen duşuşygyň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylyşyna aýratyn ähmiýet berildi.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn özara hereketleriň giňeldilmeginiň hem-de pugtalandyrylmagynyň zerurlygyny nygtadylar. Şonuň ýaly-da, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegine özara taýýarlygyň bildirilendigi beýan edildi.

Söhbetdeşligiň barşynda türkmen tarapy ýokary derejeli eýran wekiliýetini şu ýylyň dowamynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistana bardy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistana sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ýolbaşçylary HHR-iň Başlygyna gynanç bildirdi

Eýranyň energetika ministriniň Aşgabada sapary

Teswirle