Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Niýazliýew bilen ABŞ-nyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Linn Treýsiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Russiýada Federasiýasyndaky ilçihanasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.
Duşuşygyň barşyynda ‘ki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerinde yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi.
Türkmenistanyň ilçisi amerikaly kärdeşini Türkmenistanyň bitarap daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. Parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, täze howplara we wehimlere garşy göreşmek hem-de ählumumy energetika we ulag meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlar hökmünde bellenildi.
Ilçi Linn Treýsi hem öz gezeginde Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy we durnuklylygy saklamak, şeýle hem Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdi.
Taraplar iki ýurduň arasynda söwda we ykdysady ugurda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Bu nukdaýnazardan, türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň uzak möhletli we netijeli işiniň möhüm orny bellendi.
Diplomatlar duşuşygyň barşynda Merkezi Aziýa + ABŞ görnüşinde yzygiderli hyzmatdaşlygyň tejribesiniň möhümdigini aýtdylar.