Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň okgunly ösýän halk hojalyk toplumy dünýäniň we ýurdumyzyň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek hem-de ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly innowasiýa ösüşine gönükdirilendir. Milli Liderimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady has-da pugtalandyrylýar.

Türkmenistanyň transmilli geçelgeleri döretmek strategiýasynyň çäginde hem-de giň sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksadyndan ugur alyp, Demirgazyk — Günorta ugry boýunça ulag-aragatnaşyk geçelgesiniň döredilmegi-de ýokarda aýdylanlaryň aýdyň mysalydyr. Bu geçelge Merkezi Aziýa we Ýewropa ýurtlaryna Pars aýlagyna girmäge mümkinçilik berýär. Geljekde bu ugur Hazar deňziniň, Gara deňiz basseýniniň we Baltika sebitlerine girýän üstaşyr geçelgäni-de öz içine alar. Bu bolsa Merkezi Aziýanyň çäkleri arkaly Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky iň amatly gatnawy emele getirer. Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda demir ýol şahasynyň gurulmagy, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegi ýurdumyzyň bu ugurda esasy merkezleriň birine öwrülmegi babatda edilýän işlere mynasyp goşantdyr.

Şu we beýleki üstaşyr ulag geçelgeleriniň türki döwletleriň arasynda ýük gatnawlarynyň, şol sanda üstaşyr ýük geçirilişiniň möçberini artdyrmakda, söwda dolanyşygyny giňeltmekde hem-de eksport-import gatnaşyklarynyň deňagramlylygyny üpjün etmekde hem derwaýys orun eýeleýändigini, geljekde munuň ähmiýetiniň has-da artjakdygyny hem nygtamak zerur.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzdan çar tarapa uzaýan awto- ulag ýollary, howa we demir ýollary hem halkymyzyň dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýar. Bu ýollaryň umu- madamzat gatnaşyklarynda ylalaşygy üpjün etmekdäki, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky ornuny hiç bir zat bilen ölçäp bolmaz.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen mundan birnäçe ýyl ozal gurlup, ulanylmaga berlen, Demirgazyk buzly ummanyndan Hindi ummanyna çenli aralykda halk hojalyk ýüklerini daşamaga we ýolagçy gatnatmaga giň mümkinçilikleri açan, Uzak Gündogary, Aziýa we Ýewropa yklymlaryny baglanyşdyrýan Demirgazyk — Günorta halkara demir ýoly bu gün köp döwletleriň we halklaryň arasyndaky dost-doganlygyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň berkemegine, ýurtlaryň söwda-ykdysady kuwwatynyň has-da ýokary derejelere göterilmegine ýardam berýär.

Gojaman Hazar deňzi eziz Diýarymyzyň goňşy döwletler bilen netijeli gatnaşyklaryny ösdürmekde aýratyn orun tutýar. Bu gün sebitde iň iri portlaryň biri bolan Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan Hazarýaka döwletleriň portlaryna yzygiderli gatnawlar amala aşyrylýar. Bu port Hazar deňzi sebitinde ýerleşýän portlaryň arasynda üstaşyr ýükleri geçirmekde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär.

«Lapis Lazuli» üstaşyr ulag geçelgesiniň ugry boýunça daşalýan ýükler hem demir we awtoulag ýollarynyň üsti bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gelip gowuşýar.

Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» kabul edildi. Şol makstanama laýyklykda, ýakyn ýyllarda ýurdumyzda döwrebap, köpugurly ulag-kommunikasiýa ulgamyny döretmek, ulag — logistika ulgamynyň amatlyklaryndan netijeli peýdalanmak, üstaşyr we multimodal ýük gatnawlarynyň möçberini artdyrmak boýunça uly işler alnyp barlar. Ýurdumyzyň sebit we halkara ulag geçelgeleriniň möhüm bölegi bolan awtomobil we demir ýollary, şeýle hem Merkezi Aziýanyň «deňiz derwezesi» — Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty doly kuwwatynda işlediler hem-de Jebel şäherçesinde Halkara howa menzili gurlup ulanmaga berler.

Umaman, ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamynyň döwrebap derejede ösdürilmegine uly ähmiýet berler. Ol ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny barha artdyrar.

Merdan Orazberdiýew,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy.