TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi Türkiýäniň awiakompaniýasyna hyzmat berer

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 18-20-nji iýulynda paýtagtymyz Aşgabatda  “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara
arabaglanyşyk we ösüş” atly halkara maslahat geçirilip, onda “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” AGPJ bilen Türkiýäniň “MNG howa ýollary” kompaniýasynyň arasynda gepleşikler geçirildi. Şol gepleşiklerde Türkiýäniň awiakompaniýasyna Türkmenabadyň halkara howa menzilinde hyzmat bermek we awiaýangyç guýmak hyzmatlaryny ýerine ýetirmek mümkinçiliklerine seredildi. Bu barada “Türkmenistanyň Ulag-Logistika Merkezi” AGPJ-niň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Gepleşikleriň netijesi boýunça şertnama baglaşmak boýunça karara geldiler.

Şonuň netijesinde, şu ýylyň 10-njy awgustynda Türkiýäniň “MNG howa ýollary” kompaniýasynyň uçary Türkmenabat şäheriniň halkara howa menziline üstünlikli gondy. “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” AGPJ-nyň hünärmenleri we Türkmenabat şäheriniň halkara howa menziliniň kömegi bilen ýokary hünär derejesine laýyk ähli zerur hyzmatlary berdiler.

Taraplar munuň bilen has netijeli hyzmatdaşlygyň we türkmen-türk gatnaşyklarynda täze derejä ýetjekdigine ynandyrdylar.

 

  

Ýene-de okaň

Çoganly ýaşaýyş toplumynda seýilgäh gurmak boýunça bäsleşik

Halkara Nowruz güni mynasybetli täze awtobus ugry ýola goýuldy

«Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystan serhedi» boýunça bäsleşik

Teswirle