Şu gün hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, milli Liderimiz awgust aýynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Konsultatiw duşuşygynyň, soňra Türkmenistanyň-Azerbaýjanyň-Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň geçiriljekdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň-Azerbaýjanyň-Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň üçtaraplaýyn dost-doganlygyň gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge ýardam berjekdigini belledi.
Şeýle hem bulardan başga-da ýurdumyzda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji forumyny, Hazarýaka ýurlarynyň Baştutanlarynyň 6-njy duşuşygyny geçirmegiň göz öňünde tutulýandygy bellenildi.
Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň diýalogy Türkmenistanda geçiriler