BIZNES

Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisi geçiriler

2024-nji ýylyň aprel aýynyň 3-5-i aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap binasynda ata Watanymyzyň söwda ulgamynyň ýurduň ykdysadyýetindäki mümkinçiliklerini doly açyp görkezmäge niýetlenilen Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisi geçiriler.

Bu giň möçberli çäre toplumda bar bolan önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmak, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary esasynda pudaga sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak, söwda toplumynyň önümçilik kärhanalarynda zähmeti guramagyň netijeli usullaryny ulanmak, önümçilige daşary ýurt maýa goýumlaryny has köp çekmek ugrunda alnyp barylýan özgertmelere özboluşly badalga berer.

Türkmenistanlylara we halkara jemgyýetçiligine gözel Diýarymyzyň haly, dokma we söwda pudagynyň gazanan ýokary netijeleri görkeziljek bu sergide Söwda toplumynyň işini guramagyň, onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, toplumda amala aşyrylýan özgertmeleriň depgini öz beýanyny tapar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 40 milliard 230 million kubmetr tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Özbegistanyň esasy söwda hyzmatdaşy

Eýranda 1.7 million awtoulag öndüriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň serhet wekilleriniň ikinji duşuşygy

Türkmenistanda “akylly” gaz hasaplaýjy enjamlary gurnalar

“Sanly karz” ulgamy hyzmaty ornaşdyrylýar