TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistanyň sanly diplomatiýasy ösdüriler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň Türkmenistanyň sanly diplomatiýasyny ösdürmek boýunça alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Döwlet maglumat syýasatyny we sanly diplomatiýanyň işini kämilleşdirmegiň çäklerinde öňdebaryjy täzeçil tehnologiýalary netijeli peýdalanmak boýunça toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Bellenilişi ýaly, 2020-nji ýylyň fewralynda Daşary işler ministrliginiň merkezi edarasynyň düzüminde “Sanly diplomatiýa” atly bölüm döredildi. Bu bölümiň esasy wezipeleri sanly maglumat tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanyp, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatyny we halkara başlangyçlaryny dünýä jemgyýetçiligine ýetirmekden ybaratdyr.

DIM-niň saýtynda “Halkara habarlary” atly internet gazeti onlaýn görnüşde yzygiderli berilýär, şeýle-de onda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna bagyşlanan sanly sergi ýerleşdirildi. Kiberhowpsuzlygy üpjün etmek boýunça wezipeleriň wajypdygyndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, 2021-nji ýylyň 20-nji awgustynda DIM-de maglumat ulgamlaryna gözegçilik bölümi döredildi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýurdumyzyň diplomatik gulluklarynyň halkara maglumat giňişligindäki çärelerini işjeňleşdirmek we milli sanly diplomatiýanyň gurallaryny kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanan birnäçe teklipler hödürlenildi. Şeýle-de ýurdumyzyň elektron aragatnaşyk ulgamyny artdyrmak we onuň bitewüligini emele getirmek maksady bilen, özbaşdak Milli sanly tory döretmek teklip edildi. Şunuň bilen birlikde, BMG-niň we beýleki abraýly guramalaryň çäklerinde kabul edilen Kararnamalary, beýleki halkara resminamalary ýygnamak, beýan etmek we tertipleşdirmek üçin ugurdaş sanly diplomatiýany, şeýle hem Türkmenistanyň diplomatik gulluklarynyň sanly muzeýini döretmek boýunça teklipler aýdyldy.

Ählumumy media giňişliginde Türkmenistan baradaky maglumatlary dessin we yzygiderli ýaýratmak maksady bilen, iri halkara sanly media kompaniýalary bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ýakyn wagtda degişli geňeşmeleri geçirmek teklip edilýär. Türkmenistanyň diplomatik we konsullyk işlerine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, programma üpjünçiligini ýola goýmagyň çäklerinde diplomatik gulluklaryň ykjam telefonlary üçin media binýatlaryny döretmegiň mümkinçiliklerine garamak teklip edilýär. Onuň işe girizilmegi bilen, ykjam aragatnaşyk arkaly gündelik täzelikleri beýan etmek, raýatlarymyz üçin konsullyk gulluklaryna elýeterliligi üpjün etmek we durnukly sanly ulgam alşygyny ýola goýmak göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Gruziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

“Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçiriler

Helga Mariýa Şmid: Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşmak meniň üçin hormat

Teswirle