TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistanyň Russiýa eksporty artdy

2022-nji ýylyň 7 aýynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyna amala aşyran gök-bakja önümleriniň we miweleriň eksporty 30 göterim artdy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň “Rosselhoznadzor” gullugy habar berýär.

Degişli hasabat döwründe Türkmenistandan başga-da Russiýa eksportuny artdyran ýurtlaryň biri hem Marokko boldy. Bu ýurduň eskportunyň möçberi 45 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Türkmenistan bilen bir hatarda Merkezi Aziýa döwletlerinden Täjigistan, Özbegistan we Gazagystanyň hem eksportdy degişlilikde, 16, 14 we 21 göterim artdy.

Şeýle hem bu ýurtlardan başga-da, Russiýa gök-bakja önümleriň we miweleriň eksportuny Hytaý (+11 %), Müsür (+16 %) we Moldowa (+20 %) ýaly döwletler hem ýokarlandyrdy.

Şeýlelikde, 2022-nji ýylyň 7 aýynda Russiýa pul serişdeleri babatynda 5,15 million tonna gök-bakja önümleri we miwe import etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt döwlet Baştutanlaryny gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Hytaýa 4-nji turba geçirijini çekmek mümkinçiligine seretmäge taýýar

Türkmenistanda 11 milliard dollarlyk ýapon maýasy

Teswirle