JEMGYÝET

Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny resmileşdirmek :Daşary ýurtda bolýan raýatlar

«Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny resmileşdirmegiň we bermegiň tertibini, ondan peýdalanmagyň kadalaryny ulanmak boýunça Gözükdirijini tassyklamak hakynda» Buýruk kabul edildi. Bu gözükdiriji bilen Türkmenistanyň çäginden daşarda hemişelik ýaşaýan raýat ilkinji gezek pasport almak barada düzgünler hem kesgitlendi.
Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň 2024-nji ýylyň 11-nji martynda çykaran 45 belgili Buýrugy bilen tassyklanan täze Gözükdirijä görä, Pasporta Türkmenistanyň raýatynyň şahsyýeti barada onuň dogluş hakynda şahadatnamasyna laýyklykda şu maglumatlar girizilýär, ýagny, familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan güni, aýy, ýyly, doglan ýeri,jynsy, şu Gözükdirijiniň sekizinji böleginde bellenilen tertibe laýyklykda milleti barada maglumatlar girizilýär.

Gözükdirijä laýyklykda, Raýatlaryň dogluş hakynda şahadatnamasy bolmadyk ýagdaýynda, olara kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdi esasynda dogluş hakyndaky nama ýazgysyny dikeltmek we dogluş hakynda şahadatnamany almak üçin, onuň döwlet belligine alnan ýerindäki raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysyny döwlet belligine almaga hukugy bolan (mundan beýläk – RÝNÝ) edarasyna (döwlet belligine alnan ýeri belli bolmadyk halatlarda, şahadatnamasy dikeldilýän adamyň ýaşaýan ýerindäki RÝNÝ edaralaryna) ýüz tutmak maslahat berilýär.

Türkmenistanyň çäginden daşarda hemişelik ýaşaýan raýat ilkinji gezek pasport almak üçin Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň ýa-da konsullyk edaralarynyň üsti bilen Ministrlige Görnüş-1 arzasyny, elektron göterijide suratyny hem-de şu Gözükdirijiniň 1-nji we 3-6-njy bentlerinde görkezilen resminamalary iberýär. Şu halatda pasport şu Gözükdirijiniň on ikinji bölegine laýyklykda degişli pasport birlikleri tarapyndan resmileşdirilýär we ony Ministrlik Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalaryň ýa-da konsullyk edaralaryň üsti bilen şol raýata gowşurýar.

Türkmenistanyň çäginden daşarda hemişelik ýaşaýan raýat pasportyny çalşyrmak ýa-da gaýtadan bermek üçin Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň ýa-da konsullyk edaralarynyň üsti bilen Ministrlige arza berýär. Şu halatda pasport onuň eýesiniň ýaşaýan ýeri boýunça ýazga alnan ýerindäki, eger ýazgydan çykyp, täze ýazga alynmadyk bolsa, soňky ýazgydan çykan ýerindäki, asla ýazga alynmadyk bolsa pasportyny alan ýerindäki içeri işler edaralary tarapyndan resmileşdirilýär we ony Ministrlik Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň ýa-da konsullyk edaralarynyň üsti bilen şol raýata gowşurýar.

Türkmenistanyň çäginden daşarda hemişelik ýaşaýan raýat 25 we 45 ýaşa ýetende pasportyna ýaşyna laýyk gelýän suratyny geçirmek üçin Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň ýa-da konsullyk edaralarynyň üsti bilen Ministrlige suraty bilen pasportyny berýär. Şu halatda pasporta onuň eýesiniň ýaşyna laýyk gelýän suratyny geçirmek pasportyň eýesiniň ýaşaýan ýeri boýunça ýazga alnan ýerindäki, eger ýazgydan çykyp, täze ýazga alynmadyk bolsa, soňky ýazgydan çykan ýerindäki, asla ýazga alynmadyk bolsa pasportyny alan ýerindäki pasport birligi tarapyndan amala aşyrylýar we pasporty Ministrlik Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň ýa-da konsullyk edaralarynyň üsti bilen şol raýata gowşurýar.

Pasportdaky doglan ýeri barada maglumat dogluş hakynda şahadatnamada (pasport taýýarlanylýan wagtyna çenli doglan ýeri barada maglumat üýtgän bolsa-da) görkezilen atlara laýyklykda şu aşakdaky görnüşde görkezilýär:

1) Aşgabat we Arkadag şäherlerinde diňe şäheriň ady;

2) beýleki şäherlerde degişli ýeri boýunça şäheriň we welaýatyň ady;

3) beýleki ýaşaýyş nokatlarynda, ýaşaýyş nokatlarynyň, etrabyň we welaýatyň ady;

4) daşary ýurt döwletleriniň ýaşaýyş nokady we döwletiň ady.

Raýatyň milleti onuň ata-enesiniň milleti bilen kesgitlenilýär. Eger ata-enesiniň milleti dürli bolsa, raýata pasport berlende, milleti onuň islegi boýunça kakasynyň ýa-da ejesiniň milletine görä kesgitlenilýär we Pasport bermek barada Görnüş-1 arzada degişli millet görkezilýär.

Dogluş hakynda şahadatnamada ata-enesi hakynda maglumatlar ýok bolsa, raýata pasport berlende, milleti onuň islegi boýunça kesgitlenilýär we Görnüş-1 arzada saýlanan millet görkezilýär.

Pasportda aşakdakylar hakynda bellik edilýär (ýazgy ýazylýar):

1) pasport birlikleri tarapyndan:

a) raýatyň ýaşaýan ýeri boýunça ýazga alnandygy hakynda – ýazga alan içeri işler edarasynyň adyny, raýatyň ýazga alnan ýerini we senesini görkezmek bilen Ýazga alnandygy barada pasporta goýulýan Görnüş-21 möhürçäni (mundan beýläk – Görnüş-21 möhürçe, şu Gözükdirijä 2-nji goşundy) ýa-da Serhet ýaka etraplarda, şäherlerde ýazga alnandygy barada pasporta goýulýan Görnüş-23 möhürçäni (mundan beýläk – Görnüş-23 möhürçe, şu Gözükdirijä 3-nji goşundy) basmak arkaly, möhürçe pasport birliginiň müdiriniň goly bilen tassyklanylýar;

b) raýatyň ýaşaýan ýerinden ýazgydan çykarylandygy hakynda – ýazgydan çykaran içeri işler edarasynyň adyny we raýatyň ýazgydan çykarylan senesini görkezmek bilen Ýazgydan çykarylandygy barada pasporta goýulýan Görnüş-22 möhürçäni basmak arkaly, möhürçe pasport birliginiň müdiriniň goly bilen tassyklanylýar;

ç) pasport çalşyrylan ýa-da gaýtadan berlen halatynda raýatyň ozal berlen pasportlarynyň tapgyrlary, belgileri, haçan we haýsy edara tarapyndan berlendigi hakynda Pasportyň berlendigi barada Görnüş-3 möhürçe (şu Gözükdirijä 5-nji goşundy) basylýar;

2) RÝNÝ edaralary tarapyndan:

a) nikanyň baglaşylmagynyň döwlet belligine alnandygy hakynda – äriniň (aýalynyň) familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we doglan ýylyny, nikanyň baglaşylmagynyň döwlet belligine alnan ýerini we senesini, nikanyň baglaşylmagy döwlet belligine alnandan soň äriniň (aýalynyň) alan familiýasyny görkezmek bilen möhürçe basmak arkaly;

b) nikanyň bozulmagynyň döwlet belligine alnandygy hakynda – nikanyň bozulmagynyň döwlet belligine alnan ýerini we senesini, nikanyň bozulmagynyň döwlet belligine alnandygy hakyndaky nama ýazgysynyň belgisini hem-de nikanyň bozulmagy döwlet belligine alnandan soň äriniň (aýalynyň) alan familiýasyny görkezmek bilen möhürçe basmak arkaly;

ç) nika baglaşylandygy ýa-da nikanyň bozulandygy hakynda nama ýazgylary ýatyrylan halatynda, nama ýazgysynyň ýatyrylandygy hakynda – degişli ýazgy ýazylýar hem-de RÝNÝ edarasynyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilýär we möhür bilen berkidilýär;

d) raýatyň çagalary hakynda – çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysynyň esasynda çaga hakynda maglumatlary (familiýasyny, adyny we doglan senesini görkezmek bilen);

e) raýat ýagdaýynyň namalary döwlet belligine alnanda raýatyň familiýasy, ady we atasynyň ady üýtgän halatynda pasportyň birinji sahypasynda bir aý möhletiň dowamynda çalyşmaga degişlidigi barada ýazgy ýazylýar ýa-da degişli möhürçe basylýar we wezipeli adamyň goly bilen güwä geçilýär;

3) ygtyýarly döwlet saglygy goraýyş edaralary tarapyndan raýatyň ganynyň topary we rezus-faktory hakynda möhürçe basmak arkaly.

Pasportda şu bölegiň 3-nji bendinde görkezilen maglumatlar barada bellik etmek (ýazgy ýazmak) pasportyň eýesiniň islegine görä amala aşyrylýar.

Çalşyrylan ýa-da gaýtadan berlen pasportda raýatyň ozal berlen pasportyndaky şu bölegiň 2-nji we 3-nji bentlerinde görkezilen bellikleri etmek (ýazgyny ýazmak) degişlilikde RÝNÝ edaralary we ygtyýarly döwlet saglygy goraýyş edaralary tarapyndan bellenen tertipde amala aşyrylýar.

Pasportyň resmileşdirilmegi we berilmegi, pasportyň çalşyrylmagy hem-de gaýtadan berilmegi üçin şu Gözükdirijiniň on birinji böleginde görkezilenlerden beýleki halatlarda bellenilen tertipde töleg alynýar.

Şu adamlar pasportyň resmileşdirilmegi we berilmegi, pasportyň çalşyrylmagy hem-de gaýtadan berilmegi üçin tölegi tölemekden boşadylýar:

1) doly döwlet üpjünçiliginde bolýan adam (bu halaty tassyklaýjy resminamalar esasynda);

2) ýetim çaga, şol sanda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk edýän çagalary (bu halaty tassyklaýjy resminamalar esasynda);

3) weteran (weteranyň bellenilen nusgadaky şahadatnamasy esasynda);

4) ähli topardaky maýyplygy bolan adam (Hemaýata mätäçligi anyklaýjy toparynyň güwänamasynyň göçürmesi esasynda);

5) pasportyň ýazgysynda ýalňyşlyk ýa-da (we) nätakyklyk ýüze çykarylandygy sebäpli pasporty çalşyrýan raýat (ýalňyşlygy ýa-da (we) nätakyklygy tassyklaýan resminamasy esasynda).

Pasporty resmileşdirmegiň we bermegiň tertibi

Türkmenistanda ýaşaýan raýat ilkinji gezek pasport almak üçin degişlilikde şu aşakda görkezilen pasport birligine Görnüş-1 arzany berýär:

1) ata-enesiniň, perzentlige alanlaryň, olaryň biriniň ýa-da hossarynyň (howandarynyň) ýaşaýan ýeri boýunça ýazga alnan ýerindäki, eger olar ýazga alynmadyk bolsa, olaryň bolýan ýerleri boýunça bellige alnan ýerindäki;

2) howandarlykda durýan edaralarynyň we guramalarynyň (öý-internatlarynyň, mekdep-internatlarynyň, çagalar öýleriniň we beýleki edaralaryň) ýerleşýän ýerindäki;

3) özi Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilmezinden ýa-da oňa dikeldilmezinden öň hasaba durup ýaşaýan ýa-da bolýan ýerindäki;

4) şu bölegiň 1-3-nji bentlerinde görkezilenlerden beýleki ýagdaýlarda özüniň hemişelik ýa-da köplenç ýaşaýan ýerindäki.

Raýatyň pasport almak üçin Görnüş-1 arzasynyň ýanyna şular goşulýar:

1) dogluş hakynda şahadatnamasy;

2) hususy ýaşaýyş jaý gaznasyna degişli hususy jaýynda ýazga durjaklar üçin Öý kitaby Görnüş-18 (mundan beýläk – öý kitaby, şu Gözükdirijä 6-njy goşundy); döwlet ýaşaýyş jaý gaznasyna degişli ýaşaýyş jaýynda ýazga durjaklar üçin Ýazgy ýazmajy Görnüş-16 (mundan beýläk – Görnüş-16, şu Gözükdirijä 7-nji goşundy) we Öý boýunça ýazmajy Görnüş-17 (mundan beýläk – Görnüş-17, şu Gözükdirijä 8-nji goşundy).

Raýat ilkinji gezek pasport almak üçin ýüz tutan ýagdaýynda, ýazgyda duran ata-enesi ýa-da beýleki maşgala agzalary tarapyndan öý kitaby berilmeýän halatynda, raýatyň şol ýerde ýaşaýandygyny tassyklamak üçin ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň wekiliniň, pasport birliginiň işgäriniň we polisiýanyň ýerli wekiliniň gatnaşmagynda öý kitabynyň kim tarapyndan näme sebäbe görä berilmeýändigi barada 3 (üç) nusgada güwänama (mundan beýläk – Güwänama) düzülýär we gatnaşan adamlar tarapyndan gol çekilip, häkimligiň möhüri bilen tassyklanylýar;

3) ata-enesiniň, perzentlige alanlaryň pasportlarynyň nusgalary (asyl nusgasyny görkezmek bilen). Eger ata-enesi, perzentlige alanlar ölen halatynda, olaryň ölüm hakynda şahadatnamalarynyň nusgalary (asyl nusgasyny görkezmek bilen).

Pasport alýanyň ata-enesi näbelli bolsa, nam-nyşansyz giden bolsa, Türkmenistanyň çäginden daşarda hemişelik ýaşaýan bolsa, ata-enelik hukugyndan mahrum edilen bolsa ýa-da pasportlary bolmadyk halatynda olaryň pasportlary talap edilmeýär, şeýle hem ata-enesi aýry ýaşaýan bolsa, pasport alýan adam bilen bile ýaşamaýan atasynyň (enesiniň) pasporty talap edilmeýär;

4) Türkmenistanyň çäginden daşarda hemişelik ýaşaýan raýat üçin daşary ýurt döwletinde ýaşaýandygyny tassyklaýan resminamanyň nusgasy;

5) Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen ýa-da oňa dikeldilen raýat üçin Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary tarapyndan berlen Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilendigi ýa-da oňa dikeldilendigi barada kepilnamasy;

6) pasportyň resmileşdirilmegi we berilmegi üçin tölegiň (konsullyk ýygymyň) tölenendigini tassyklaýan töleg haty (şu Gözükdirijiniň on birinji bölegine laýyklykda bu tölegden boşadylan halatlar muňa degişli däldir).

Türkmenistanda ýaşaýan raýat saglyk ýagdaýy sebäpli degişli pasport birligine ilkinji gezek pasport almak üçin arza bermäge mümkinçiligi bolmadyk ýa-da psihiki ýarawsyzlygy (dälilik keseli ýa-da akyly kemlik) sebäpli öz hereketleriniň manysyna düşünip bilmeýän ýa-da şol hereketlere erk edip bilmeýän, emma kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilmedik we bu ýagdaýlar ygtyýarly döwlet saglygy goraýyş edaralary tarapyndan berlen kepilnama boýunça tassyklanan halatynda şu Gözükdirijiniň on ikinji bölegine laýyklykda degişli pasport birliginiň işgärleri tarapyndan ýerinde şol raýat görlüp, ykjam enjamlaryň kömegi bilen (kompýuterli we fotoapparatly çemodan) Görnüş-1 arza doldurylýar we raýatyň elektron suraty alynýar.

Türkmenistanda ýaşaýan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen raýata ilkinji gezek pasport almak üçin onuň hossary, hossar bellenilmedik bolsa, hossarlyk we howandarlyk edarasy tarapyndan şu Gözükdirijiniň on ikinji bölegine laýyklykda degişli pasport birligine arza berilýär.

Türkmenistanyň çäginden daşarda hemişelik ýaşaýan raýat ilkinji gezek pasport almak üçin Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň ýa-da konsullyk edaralarynyň üsti bilen Ministrlige Görnüş-1 arzasyny, elektron göterijide suratyny hem-de şu Gözükdirijiniň 1-nji we 3-6-njy bentlerinde görkezilen resminamalary iberýär. Şu halatda pasport şu Gözükdirijiniň on ikinji bölegine laýyklykda degişli pasport birlikleri tarapyndan resmileşdirilýär we ony Ministrlik Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalaryň ýa-da konsullyk edaralaryň üsti bilen şol raýata gowşurýar.

Türkmenistanyň çäginden daşarda hemişelik ýaşaýan raýat Türkmenistanda bolýan döwründe ilkinji gezek pasport almak üçin şu Gözükdirijiniň on ikinji bölegine laýyklykda degişli pasport birliklerine arza berip biler.

Resmileşdirilen pasporta degişli pasport birliginiň müdiri (onuň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji) tarapyndan Türkmenistanyň döwlet tugrasy şekillendirilen möhüri takyk we düşnükli bolar ýaly edilip basylýar.

Pasport birlikleri tarapyndan Görnüş-1 arzanyň kabul edilen gününden başlap 7 (ýedi) iş gününiň dowamynda pasport resmileşdirilip, raýata dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Şunda pasport birliginiň işgäri pasport alýanyň hakykatdan hem pasportyň eýesidigine göz ýetirmelidir, ýagny raýatdan onuň familiýasy, ady, atasynyň ady we pasportda ýazylan maglumatlary soramak, ýüz keşbini Görnüş-1 arzadaky suraty bilen deňeşdirmek arkaly we oňa pasportdaky ýazgylaryň dogrudygyny barladyp görkezmelidir.

Eger-de pasportda ýalňyşlyk ýa-da (we) nätakyklyk bar bolsa, täze pasport resmileşdirilmelidir.

Pasport birliginiň işgäri raýata pasportdaky suratynyň aşagyndaky setirinde hem-de Görnüş-1 arzada pasporty alandygy barada gara ýa-da gök syýa bilen goluny çekdirmelidir. Raýat öz goluny çekip bilmeýän halatynda Görnüş-1 arzada degişli sebäbi görkezilýär, pasportda bolsa kese çyzyk goýulýar.

Şu Gözükdirijiniň on üçünji böleginiň 1-2-nji we 5-nji bentlerinde görkezilen resminamalaryň asyl nusgalary, resmileşdirilen pasport bilen bilelikde onuň eýesine yzyna gaýtarylyp berilýär.

Pasport eýesiniň hut özüne, şu Gözükdirijiniň on sekizinji we on dokuzynjy böleklerinde görkezilen halatlarda bolsa pasportyň eýesiniň kanuny wekiline (onuň şahsyýetine güwä geçýän resminamasyny görkezmegi bilen) gol çekdirilip berilýär (şu Gözükdirijiniň on sekizinji böleginiň birinji tesiminde görkezilen halatlar muňa degişli däldir).

Pasporty çalşyrmagyň, gaýtadan bermegiň we pasporta onuň eýesiniň ýaşyna laýyk gelýän suratyny geçirmegiň tertibi

Pasport şu halatlarda çalşyrylýar:

1) pasportyň eýesiniň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan ýeri ýa-da (we) doglan senesi üýtgändе;

2) pasportyň ýazgysynda ýalňyşlyk ýa-da (we) nätakyklyk ýüze çykarylanda;

3) pasport onuň zaýalanmagy ýa-da başga ýagdaýlar sebäpli ulanmaga ýaramsyz bolanda;

4) pasportyň eýesiniň saglyk ýagdaýy ýa-da başga ýagdaýlar sebäpli ýüz keşbi, jynsy (germafroditde) üýtgände.

Türkmenistanda ýaşaýan raýat şu Gözükdirijiniň ýigrimi altynjy böleginde görkezilen halatlaryň biri ýa-da birnäçesi bolan ýagdaýynda, pasportyny çalşyrmak üçin ýaşaýan ýeri boýunça ýazga alnan ýerindäki, eger ýazgydan çykyp, täze ýazga alynmadyk bolsa, soňky ýazgydan çykan ýerindäki, asla ýazga alynmadyk bolsa hemişelik ýa-da köplenç ýaşaýan ýerindäki pasport birligine Görnüş-1 arzany berýär.

Raýatyň pasportyny çalşyrmak üçin Görnüş-1 arzasynyň ýanyna degişlilikde şular goşulýar:

1) çalşyrylmaga degişli pasporty;

2) familiýasynyň, adynyň, atasynyň adynyň, doglan ýeriniň ýa-da (we) doglan senesiniň üýtgändigini tassyklaýan resminamalar;

3) pasportyň eýesiniň jynsy üýtgän halatynda (germafroditde) täze ýazylyp berlen dogluş hakynda şahadatnamasy;

4) pasportyň eýesiniň ýüz keşbi üýtgändigi barada ygtyýarly döwlet saglygy goraýyş edarasynyň kepilnamasy;

5) pasportyň çalşyrylmagy üçin tölegiň (konsullyk ýygymyň) tölenendigini tassyklaýan töleg haty (şu Gözükdirijiniň on birinji bölegine laýyklykda bu tölegden boşadylan halatlar muňa degişli däldir).

Pasporty çalşyrmak üçin Görnüş-1 arzanyň we onuň ýanyna goşulýan resminamalaryň gelip gowşan gününde olaryň kabul edilen senesi hakynda bellik edilip, kabul edilýär. Arzanyň nusgasy, kabul edilen senesi hakynda bellik edilip, Pasport çalşyrylýança ýa-da gaýtadan berilýänçä raýatyň şahsyýetini tassyklaýan kepilnama (şu Gözükdirijä 9-njy goşundy) bilen bilelikde (resmileşdirilen pasportyny alanda içeri işler edaralaryna yzyna gaýtaryp bermek şertinde) arza berijä gowşurylýar.

Görnüş-1 arzanyň «pasport bermegiňizi haýyş edýärin» diýen setirinde «gaýtadan pasport bermegiňizi haýyş edýärin» diýip bellenilýär we «pasport esasynda berildi» diýen setirinde bolsa, öňki pasport baradaky maglumatlar görkezilýär.

Pasport birliginiň işgäri kabul edilen Görnüş-1 arzanyň we oňa goşulýan resminamalaryň esasynda raýatyň maglumatlaryny Ministrligiň Ýöriteleşdirilen Maglumatlar goruna girizýär.

Türkmenistanda ýaşaýan raýat pasporty ýiten, ogurlanan ýa-da ýanyp ýok bolan halatynda, onuň ýerine pasportyň gaýtadan berilmegi üçin ýaşaýan ýeri boýunça ýazga alnan ýerindäki, eger ýazgydan çykyp, täze ýazga alynmadyk bolsa, soňky ýazgydan çykan ýerindäki, asla ýazga alynmadyk bolsa ýaşaýan ýerindäki içeri işler edarasyna pasportyny nähili ýagdaýda, nirede we haçan ýitirendigi barada ýazmaça arza bermelidir.

Raýatlar ýazgyda duran ýerlerinden başga ýerlerde pasportlaryny ýitiren bolsalar, onda pasportyny yitiren ýeriniň degişli içeri işler edarasyna arza bilen ýüz tutmalydyrlar.

Pasportyň ýitirilendigi, ogurlanandygy, ýanandygy baradaky arza içeri işler edarasynda hasaba alynýar we arzanyň hasaba alnan güni administratiw önümçiligiň başlanan güni hasap edilýär.

Pasportyň ýitirilmegi bilen bagly administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça önümçilik Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary hakynda kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

Pasportyň ogurlanandygy, ýanandygy boýunça administratiw önümçiligi «Administratiw önümçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Pasportyň ýitirilendigi, ogurlanandygy, ýanandygy baradaky önümçilik işiň dowamynda pasport birliginiň işgäri şu işleri geçirýär:

1) ýygnalan resminamalary düýpli öwrenýär;

2) pasporty ýitiren raýatlar babatynda maglumatlary:

a) Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we Ahal welaýatynyň çäginde ýaşaýanlary Ministrligiň IPHAM-niň Salgylar býurosynyň merkezleşdirilen maglumatlar gorundan, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda bolsa, degişli IPHAB-niň Salgylar býurosynyň maglumatlar gorundan barlaýar;

b) Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we Ahal welaýatynyň çäginde ýaşaýanlary Ministrligiň Maglumatlar merkeziniň merkezleşdirilen maglumatlar gorundan, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda bolsa welaýatyň PM-niň Maglumatlar bölümleriniň maglumatlar gorundan barlaýar.

Geçirilen barlagyň dowamynda pasportyny ýitiren adama gözleg yglan edilendigi ýüze çykarylsa pasport birliginiň işgäri bellenen tertipde Ministrligiň degişli birliklerine habar berýär;

3) raýatyň öňki alan pasportynyň Görnüş-1 arzasyndaky suratyny Ministrligiň Ýöriteleşdirilen Maglumatlar gorundan sanly ulgamyň üsti bilen alyp, täze ýazylan Görnüş-1 arzasynyň suraty bilen deňeşdirýär.

Suratlar deňeşdirilende olaryň meňzeşligine şübhe dörese ýa-da pasportyň eýesi baradaky maglumatlar Görnüş-1 arzadaky maglumatlar bilen gabat gelmeýändigi ýüze çykarylsa, ol barada haýal etmän arza ýazanyň şahsyýetini kesgitlemek hem-de ara tapawutlarynyň sebäplerini takyklamak maksady bilen goşmaça barlag geçirilýär.

Geçirilen barlagyň dowamynda raýata täze pasport resmileşdirmäge päsgel berýän ýagdaýlar ýüze çykarylmasa, pasport birliginiň işgäri kepilnama düzüp, pasport bermek barada Netije (şu Gözükdirijä 10-njy goşundy) çykarýar we bu netije pasport birliginiň müdiri ýa-da bu ugra gözegçilik edýän orunbasary tarapyndan tassyklanylýar. Çykarylan netije esasynda täze pasport resmileşdirilenden soň raýatyň öňki pasporty güýjüni ýitiren diýip yglan edilýär.

Täze pasport resmileşdirilmezden öň ýiten pasport tapylsa pasportyň ýitirilendigi baradaky önümçilik işi ýatyrylýar we pasport birliginiň işgäri bu barada delillendirilen netije çykarýar. Bu netije pasport birliginiň müdiri ýa-da bu ugra gözegçilik edýän orunbasary tarapyndan tassyklanylýar.

Ýitirilenligi ýa-da ogurlananlygy sebäpli güýjüni ýitiren diýlip yglan edilen pasportlar tapylan ýagdaýynda, tapylan pasportyň eýesi ony gyssagly ýagdaýda bellenilen tertipde ýok etmek üçin içeri işler edaralaryna tabşyrmaga borçludyr.

Ýitirilen ýa-da ogurlanan pasportlar tapylyp, içeri işler edarasyna gelip gowşanda, haýal etmän eýesine habar berilýär.

Eger-de pasportyň eýesi başga ýerde ýazgyda duran bolsa, ýörite aragatnaşyk serişdeleri boýunça pasport birliklerine gowşurmak üçin iberilýär.

Ol raýata ýitiren pasportynyň ýerine täze pasport berlen bolsa, tapylan pasport pasportyň eýesiniň ýazgyda duran ýeriniň pasport birlikleri tarapyndan bellenilen tertipde ýok edilýär.

Eger-de, tapylan pasportda öňki ýaşan ýerinden ýazgydan çykarylandygy baradaky möhürçe bar bolsa, onda şol pasport berlen ýerindäki pasport birliklerine ýok etmek üçin iberilýär.

Raýatyň gaýtadan pasportyň berilmegi üçin ýazan arzasynyň ýanyna degişlilikde şular goşulýar:

1) pasportyň ogurlanandygy ýa-da ýanandygy barada degişli içeri işler edarasynyň kepilnamasy.

Pasportyň ogurlanandygy barada kepilnama, raýatyň pasportynyň ogurlanandygy barada içeri işler edarasyna ýazan arzasy esasynda barlagy alyp barýan birlik tarapyndan berilýär.

Pasportyň ýanandygy barada kepilnama ýangynyň bolan ýerindäki içeri işler edaralarynyň ýangyn howpsuzlygy gullugy tarapyndan berilýär;

2) pasportyň gaýtadan berilmegi üçin tölegiň (konsullyk ýygymyň) tölenendigini tassyklaýan töleg haty (şu Gözükdirijiniň on birinji bölegine laýyklykda bu tölegden boşadylan halatlar muňa degişli däldir).

Türkmenistanyň çäginden daşarda hemişelik ýaşaýan raýat pasportyny çalşyrmak ýa-da gaýtadan bermek üçin Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň ýa-da konsullyk edaralarynyň üsti bilen Ministrlige arza berýär. Şu halatda pasport onuň eýesiniň ýaşaýan ýeri boýunça ýazga alnan ýerindäki, eger ýazgydan çykyp, täze ýazga alynmadyk bolsa, soňky ýazgydan çykan ýerindäki, asla ýazga alynmadyk bolsa pasportyny alan ýerindäki içeri işler edaralary tarapyndan resmileşdirilýär we ony Ministrlik Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň ýa-da konsullyk edaralarynyň üsti bilen şol raýata gowşurýar.

Raýat pasporty çalşyrmak ýa-da gaýtadan bermek üçin arzany ýaşaýan ýeri boýunça ýazga alnan ýerindäki, eger ýazgydan çykyp, täze ýazga alynmadyk bolsa, soňky ýazgydan çykan ýerindäki, asla ýazga alynmadyk bolsa ýaşaýan ýerindäki pasport birliklerine berip biler.

Şu Gözükdirijiniň on sekizinji böleginde görkezilenlerden beýleki ýagdaýlarda pasporty çalşyrmak ýa-da gaýtadan bermek üçin arza degişlilikde pasport birliklerinde, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynda ýa-da konsullyk edaralarynda doldurylýar, raýatyň 40×50 mm ölçegdäki elektron suraty alnyp, sanly ulgamyň üsti bilen arzanyň ýüzüne geçirilýär.

Raýatyň pasporty çalşyrmak ýa-da gaýtadan bermek üçin ýazan arzasynda görkezilen maglumatlary doly we dogry bolmalydyr.

Şu Gözükdirijiniň ýigrimi sekizinji böleginiň 2-4-nji bentlerinde görkezilen resminamalaryň asyl nusgalary, resmileşdirilen pasport bilen bilelikde onuň eýesine yzyna gaýtarylyp berilýär.

Pasport içeri işler edaralary tarapyndan pasporty çalşyrmak ýa-da gaýtadan bermek üçin Görnüş-1 arzanyň kabul edilen gününden 7 (ýedi) iş gününiň dowamynda şu Gözükdirijä laýyklykda resmileşdirilýär we berilýär.

Türkmenistanda ýaşaýan raýat 25 we 45 ýaşa ýetende pasportyna ýaşyna laýyk gelýän suratyny geçirmek üçin ýaşaýan ýeri boýunça ýazga alnan ýerindäki, eger ýazgydan çykyp, täze ýazga alynmadyk bolsa, soňky ýazgydan çykan ýerindäki, asla ýazga alynmadyk bolsa ýaşaýan ýerindäki pasport birligine pasportyny berýär.

Şu Gözükdirijiniň on sekizinji böleginde görkezilen ýagdaýlarda raýat 25 we 45 ýaşa ýetende pasportyna ýaşyna laýyk gelýän suratyny degişli pasport birlikleriniň işgärleri tarapyndan ýerinde şol raýat görlüp, ykjam enjamlaryň kömegi bilen (kompýuterli we fotoapparatly çemodan) elektron suraty alynýar.

Şu Gözükdirijiniň on sekizinji we on dokuzynjy böleklerinde görkezilen ýagdaýlarda raýat 25 we 45 ýaşa ýetende pasportyna ýaşyna laýyk gelýän suratyny geçirmek ýaşaýan ýeri boýunça ýazga alnan ýerindäki, eger ýazgydan çykyp, täze ýazga alynmadyk bolsa, soňky ýazgydan çykan ýerindäki, asla ýazga alynmadyk bolsa ýaşaýan ýerindäki pasport birliginde amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň çäginden daşarda hemişelik ýaşaýan raýat 25 we 45 ýaşa ýetende pasportyna ýaşyna laýyk gelýän suratyny geçirmek üçin Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň ýa-da konsullyk edaralarynyň üsti bilen Ministrlige suraty bilen pasportyny berýär. Şu halatda pasporta onuň eýesiniň ýaşyna laýyk gelýän suratyny geçirmek pasportyň eýesiniň ýaşaýan ýeri boýunça ýazga alnan ýerindäki, eger ýazgydan çykyp, täze ýazga alynmadyk bolsa, soňky ýazgydan çykan ýerindäki, asla ýazga alynmadyk bolsa pasportyny alan ýerindäki pasport birligi tarapyndan amala aşyrylýar we pasporty Ministrlik Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň ýa-da konsullyk edaralarynyň üsti bilen şol raýata gowşurýar.

Türkmenistanyň çäginden daşarda hemişelik ýaşaýan raýat Türkmenistanda bolýan döwründe pasportyna ýaşyna laýyk gelýän suratyny geçirmek üçin ýaşaýan ýeri boýunça ýazga alnan ýerindäki, eger ýazgydan çykyp, täze ýazga alynmadyk bolsa, soňky ýazgydan çykan ýerindäki, asla ýazga alynmadyk bolsa pasportyny alan ýerindäki pasport birligine suraty bilen pasportyny berip biler.

Pasport birligi tarapyndan pasporta onuň eýesiniň ýaşyna laýyk gelýän suratyny geçirmek ýüz tutulan gününde amala aşyrylyp, pasportda suratyň geçirilen senesi görkezilýär.

doly maglumaty bu çeşmeden alyp bilersiňiz.

Ýene-de okaň

“Ýüpek ýoly” rallisi: türkmen türgenleri baýrakly dolanýarlar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde täze departamentler döredildi

Ata Watan Eserleri

Daşkent şäherinde «Türkmenistanda öndürilen» atly türkmen harytlarynyň milli sergisi geçirildi

“Galkynyş” tans topary Türkiýede 2-nji orny eýeledi

Türkmenistanyň Mejlisi täze kanunçylyk namalaryny kabul etdi

Messili Argentina – Kopa Amerikanyň çempiony

Ata Watan Eserleri