TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistanyň raýatlaryna wagtlaýyn wiza düzgüni girizildi

Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistanyň raýatlaryna ýeňillik wiza düzgüniniň ýatyrylandygy barada karary Türkiýäniň resmi gazetinden neşir edilenden soňra atawatan-turkmenistan.com saýtymyzda goýduk.

Indi bolsa, bu baradaky täze maglumatlary size ýetirýäris. Türkiýäniň hökümeti türkmen tarapynyň ýüzlenmesi boýunça wagtlaýyn wiza düzgünini girizdi.

Wiza üçin Aşgabat şäherinde merkez döredildi. Ol G.Kuliýew köçesiniň 88-nji jaýynda ýerleşýär. Bu ýerde dürli görnüşli wizalar resmileşdirilýär.

Wagtlaýyn wiza düzgüni 14-nji sentýabr, ýagny şu günden girizildi. Türkmenistanyň raýatlary syýahatçylyk, talyp, işewürli we tranzit wizalaryny, şeýle hem Türkiýedäki medeni we sport çärelerine gatnaşmak we Türkiýede lukmançylyk hyzmatlaryny almak üçin wiza resmileşdirip bilerler. Munuň üçin wizanyň kategoriýalary üçin dürli resminamalar talap edilip bilner.

Türkiýäniň ilçihanasynyň konsullyk gullugy hem wizalary resmileşdirip bilerdi, ýöne has çalt bolmagy üçin ýörite wiza merkezi açyldy.

Bu barada has köp maglumat üçin gatewayinternational.com.tr saýtyna girip bolar.

Wiza merkeziniň telefon belgisi:400212, arzalary kabul ediş sagatlary 09:00-17:00 aralygydyndadyr. Pasportlary paýlamak wagty bolsa, 13:00-17:00 aralygydyr.

Gerekli resminamalar:

  • Azyndan 6 aýlyk möhleti bolan daşary yurt pasporty(zagran) we umumy pasporty we olaryň nusgalary (Hökmany)
  • Eger bar bolsa, öň alnan Türkiye,Schengen,UK,USA wiza nusgalary (Hökmany)
  • Daşary ýurt raýatlary üçin Türkiýä giren senesinden başlap (ikamet belgesi) (Hökmany)
  • 2 sany biometrik surat 5×6 (arkasy ak fon, täze we soň 6 aý içinde düşülen bolmalydyr) (Hökmany)
  • Türkiýe üçin syýahat we saglyk ätiýaçlandyryşy / COVID-19 Kepilligi (Hökmany)
  • Soňky 3 aýlyk bank hasabaty ( golly möhürlenen, elektron gol çekilen ýa-da QR kodly )
  • İşleýän adam bolsa; iş ýerinden alynmaly wezipesi, aýlyk haklary we ýazmaça gol bilen iş wagty we möhürlenen asyl tassyklama haty bilen kompaniýanyň iş şahadatnamasy (Hökmany)
  • Ýüzleniji tarap iş beriji bolsa, kompaniýanyň döredilen resminamalary we bar bolsa Söwda palatasynyň bellige alynmagy (Hökmany)
  • Ýüzleniji tarap pensiýa çykan halatynda pensiýa çykandygyny tassyklaýan resminama (Hökmany)
  • Ýüzleniji tarap talyp bolsa, okaýandygyny subut edýän talyp resminamasy (Hökmany)
  • Ýüzleniji tarap işlemeýän halatynda hemaýatkäriň işini we maliýe ýagdaýyny görkezýän resminama ýa-da ene-atanyň iş ýerinden aýlyk mukdaryny görkezýän kepilnama
  • Ýüzleniji tarap 18 ýaşa ýetmedik bolsa, her iki tarapyň ene-atanyň notarus tarapyndan berlin razylyk haty (aýrylyşan ýagdaýynda-da, ene-atanyň ikisi-de notarus tarapyndan berilen razylyk hatyny bermegi hökmanydyr) (Hökmany)
  • Öň Türkiýede ýaşan bolsaňyz, ýaşaýan ýeriňizi görkezýän resminama
  • Goşmaça resminamalar; Bar bolsa, Türkmenistanda jaý resminamasy, Türkiýede jaý resminamasy, bank hasabaty, gutardyş şahadatnamasy
  • Wiza tölegi we Gateway hyzmat tölegi (Hökmany)

Eger Türkiýä syýahatçylyk wiza üçin resminamalaryň terjimesi gerek bolan halatynda, bu resminamalaryň terjimesi üçin Aşgabat şäherindäki “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz.Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401. Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55.

Türkiýeden aljak bolsaňyz, terjime üçin “Atawatan Danyşmanlyk LTD” kompaniýasyna ýüz tutup bilersiňiz. Habarlaşmak üçin: +90 532 401 71 52/+90 530 251 36 73.

Habarlarymyzy yzarlamak we ýeňillik oakamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň! Ýa-da Google Plaý-dan “Atavatan Turkmenistan” gözleg edip bilersiňiz.

Ýene-de okaň

Awazada sammit: Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan

Baş Redaktor

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Teswirle