TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Halk Maslahatynyñ agzalygyna saýlandy

Türkmenistanyň Prezidenti geçen hepdäniñ yekşenbe güni geçirilen Türkmenistanyñ Milli Geñeşiniñ Halk Maslahatynyñ agzalyyna saýlandy. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde bellenip geçildi.

Halk Maslahatynyñ agzalarynyñ ilkinji gezek geçirilen saýlawlarynda 112 dalaşgär hasaba alyndy. Şolardan Aşgabat şäherinden we welaýatlaryndan 8 dalaşgär agzalyga saýlandy. Bular barada ýurdumyzyñ Merkezi saýlaw topatynyñ ýolbaşçysy Gulmyrat Myradow belläp geçdi.

Milli Liderimiz saýlawlara gatnaşyp ses beren raýatlarymyza minetdarlyk bildirdi we şeýle hem Halk Maslahatynyñ agzalygyna saýlanan agzalary bu möhüm wezipä saýlanmagy bilen gutlady.

Hormatly Prezidentimiz özüniñ Halk Maslahatynyñ agzalygyna saýlanandygy üçin halkymyza minnetdarlyk bildirip, muny hormat we bütin halkymyzyñ öñünde ýokary jogapkärçilik hökmünde kabul edýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz bu ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz palatalaryñ we tutuş Milli Geñeşiñ doly we bahaly işlemegi üçinem hem hemmetaraplaýyn kömek berjekdigini aýtdy.

Ýene-de okaň

Awazada sammit: Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan

Baş Redaktor

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Teswirle