JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýä sapary meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Prezidentine Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň adyndan gutlag haty gelip gowuşdy. Şol hatda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlap, Türkiýe Respublikasyna meýilleşdirilýän saparyň çäklerinde duşuşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýandygy bellenilýär. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilýär.

Gutlag hatynda hususan-da şeýle diýilýär:

– Hormatly Prezident! Gadyrly doganym. Doglan günüňiz mynasybetli Türkiýe Respublikasynyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkiýe bilen Türkmenistanyň doganlyk halklarynyň taryhy we medeni kökleriniň umumylygyna esaslanýan dostlukly gatnaşyklarymyzyň iki doganlyk halkyň bähbidine yzygiderli pugtalandyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellemek isleýärin.

Türkiýe Respublikasyna meýilleşdirilýän saparyňyzyň çäklerinde Sizi görmäge şatdyryn. Ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, abraýly halkara guramalaryň hususan-da, Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygymyzy mundan beýlek-de çuňlaşdyryljakdygyna berk ynanýaryn.

Ýene-de okaň

COP-28 sammiti: dünýä döwletleriniň başlangyçlary

Putin Türkmenistanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul eder

Türkmenistanyň Prezidentiniň COP-28 mejlisindäki ÇYKYŞY

Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistan howanyň üýtgemegi boýunça Sebit merkezi başlangyjyny öňe sürýär

Türkmenistan teklip edilýän Howa we Saglyk boýunça Jarnamany goldaýar