TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidentine ŞHG-niň sammitine çakylyk

Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Prezidentler syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-täjik gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatda iki döwletiň gyzyklanmalaryny tassykladylar. Döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşigi giňeltmek nukdaýnazaryndan, Emomali Rahmonyň bu saparynyň öz wagtyndalygyny we ähmiýetini bellediler.

Prezidentler sebit we halkara gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, daşary syýasy özara hereketleriň ýagdaýyna syn berdiler. Taraplar sebitde durnuklylygy we durnukly ösüşi berkitmäge gönükdirilen işjeň gepleşikleri dowam etdirmäge ylalaşdylar.

Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetiniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.

Taraplar söwda, energiýa, ulag, senagat, oba we suw hojalygy, nebitgaz pudaklarynda gatnaşyklary güýçlendirmegiň mümkinçiliklerine seretdiler. Şeýle-de bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sungat, ýaşlar syýasaty hem-de syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ylalaşyklar gazanyldy.

Giňeldilen düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, 20-den gowrak ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.

Pursatdan peýdalanyp, Täjigistanyň Prezidenti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Başlygyň hormatly myhmany hökmünde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Liderleri bilen bilelikde bu abraýly guramanyň döredilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanyp, 16-17-nji sentýabrda Duşenbede geçiriljek sammite gatnaşmaga çagyrdy.

 

5-nji awgustda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

 

Ýene-de okaň

Ronaldo we Dibala Türkiýä öz kömek goluny uzatdy

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Teswirle