TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti zähmet rugsadynda

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsadyna çykdy hem-de Watanymyzyň şypahana merkezleriniň birinde dynç alýar, hemişe bolşy ýaly, milli Liderimiz işden boş wagtyny işjeň we peýdaly geçirýär.

Geçen hepdede ýarym ýylyň jemlerine garalan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzümine 7-nji iýuldan 6-njy awgust aralygynda nobatdaky zähmet rugsadynyň berilýändigini yglan etdi, Hökümet agzalary zähmet rugsadyny ýurdumyzyň saglyk we dynç alyş merkezlerinde geçirip bilerler.

Milli Liderimiz hatda zähmet rugsady döwründe hem boş wagtynda hemişe ylmy iş hem-de döredijiligiň dürli görnüşleri, şol sanda edebi döredijilik bilen meşgullanýar, täze eserleriň üstünde işleýär, saz sungaty eserlerini döredýär, işjeň bedenterbiýe maşklarynyň hem-de aň-paýhas zähmetiniň utgaşdyrylmagynyň artykmaçlyklaryny we netijeliligini görkezýär, bularyň ählisi hemmetaraplaýyn kämilleşmäge ýardam berýär.

Ajaýyp ahalteke atlary bilen didarlaşmak we bedewde gezelenç etmek, welosipedli gezelençler, sport awtoulaglaryny we beýleki ulag serişdelerini dolandyrmak döwlet Baştutanymyzyň zähmet rugsady döwründe we dynç alyş günleri wagtyny peýdaly hem-de baý many-mazmunly geçirmek üçin meşgullanýan ugurlarydyr.

Halkymyzyň örän baý medeni we ruhy mirasy hem-de şöhratly taryhy döwlet Baştutanymyzyň ylham çeşmesidir. Gadymy maşgala gymmatlyklaryna ygrarly bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wagtyny agtyklary bilen bilelikde geçirmäge uly üns berýär, olary döredijilik we sport bilen meşgullanmaga ruhlandyrýar.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz tebigata çykmagyň, onuň täsinliklerini synlamagyň ýadawlygy, beden we ruhy taýdan dartgynlylygy aýyrmagyň, iş günleriniň aladalaryndan soň dynç almagyň iň gowy serişdesidigini nygtaýar, munuň özi adama gujur-gaýratyny dikeltmäge hem-de ruhunyň belent bolmagyna ýardam berýär.

Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri tebigat bilen sazlaşykda ýaşaýar, onuň dünýägaraýşy, durmuşy we ykbaly tebigat bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Diýarymyzda haýran galdyrýan ajaýyp, täsin künjekler bardyr, olar dynç alýanlara unudylmajak täsirleri peşgeş berýär.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

Prezident Ärdogan: Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyza ösdürmäge taýýardyrys

Halk Maslahatynyň Başlygy Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrýar

Teswirle