JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde Ýaponiýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge we berkitmäge uly üns berýär. Häzirki wagtda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýär.

Parlamentara hyzmatdaşlygy Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup, häzirki wagtda ýurtlaryň we halklaryň arasynda özara ynamy we düşünişmegi berkitmegiň möhüm gurallarynyň biri bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz parlamentara gatnaşyklaryny berkitmekde Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň alyp barýan işini aýratyn belledi.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň syýahatçylyk mümkinçilikleri Aşgabatda tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Ýaş nesliň saglygyny goramak – ileri tutulýan wezipe

Haýyr-sahawat gaznasynyň wekilleri Özbegistanda saparda bolarlar

AFK-nyň Çagyryş ligasy: “Arkadag” topary finala çykdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda ýapon-türk hyzmatdaşlygynda täze karbamid zawody gurlar

Ata Watan Eserleri

«Kudo Kudo» restorany: Aşgabatda täze nokadyny açdy