JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti ýapon Imperatory bilen duşuşdy

Ýaponiýada saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün irden Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Ýapon Imperatorynyň köşgünde geçirilen duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşiň täze tapgyryna çykandygyny aýdyp, iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin uly mümkinçiliklere eýedigini belledi. Ýaponiýa öňdebaryjy tehnologiýalary, senagatlaşdyrmagyň ýokary derejesi bilen meşhurlykdan peýdalanýar. Türkmenistan bolsa tebigy baýlyklaryň uly gorlaryna eýe bolup, ýapon tehnologiýalaryny çekmek arkaly olary has netijeli ulanmaga çalyşýar. Şular barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň soňky ýyllarda elektroenergetika, nebitgaz senagaty, himiýa we gurluşyk, ulag, oba hojalygy ýaly pudaklaryny işjeň döwrebaplaşdyrýandygyna ünsi çekdi.

Duşuşykda nygtalyşy ýaly, Ýaponiýa ýokary tehnologiýalar ulgamynda Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, maglumat tehnologiýalary, ekologiýa, durnukly ösüş ýaly ugurlarda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirilýär. Şeýle-de duşuşykda medeni-ynsanperwer ulgamyň döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolmagynda galýandygy bellenildi.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň syýahatçylyk mümkinçilikleri Aşgabatda tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Ýaş nesliň saglygyny goramak – ileri tutulýan wezipe

Haýyr-sahawat gaznasynyň wekilleri Özbegistanda saparda bolarlar

AFK-nyň Çagyryş ligasy: “Arkadag” topary finala çykdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda ýapon-türk hyzmatdaşlygynda täze karbamid zawody gurlar

Ata Watan Eserleri

«Kudo Kudo» restorany: Aşgabatda täze nokadyny açdy